8-nji iýunda özüniň sport ulaglary bilen giňden tanalýan “Porsche” awtoulag kärhanasynyň döredilenine 70 ýyl doldy. Germaniýanyň “Porsche AG” kompaniýasy 1931-nji ýylda belli konstruktor Ferdinand Porşe tarapyndan esaslandyrylyp, doly önümçiligine 1948-nji ýylda başlaýar. Onuň kärhanasy we ştab-kwartirasy Germaniýanyň Ştutgart şäherinde ýerleşýär. “Porsche” dünýäniň iň köp girdejili awtoulag kompaniýalarynyň biridir. 2010-njy ýylda “Porsche” kysymly awtoulaglar dünýäniň iň ygtybarly ulaglary diýlip ykrar edildi.
1948-nji ýylda “Porsche 356 Roadster” kysymly ilkinji awtoulagyny öndüripdi. Şu sene mynasybetli Germaniýanyň Suffenhauzen şäherindäki “Porsche” muzeýinde özboluşly “Porsche 911 Speedster” ulagy köpçülige hödürlendi. Kompaniýa, esasan hem, lýuks klasly sport we ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglary öndürýär. Kompaniýa 1993-nji ýyldan bäri Wendelin Wideking ýolbaşçylyk edýär. “Porsche”-niň 2009/2010-njy maliýe ýylyndaky girdejisi 7,79 milliard ýewro barabar bolup, bu onuň bütin taryhyndaky rekord derejedir. Şol hasabat döwründe jemi 89 123 ulag öndürilip, 81 850-si satylypdyr. Kompaniýa eýýäm uzak wagtdan bäri dünýäniň dürli sport klublary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.