ABŞ-nyň Nýu-Ýork­ ştatynda be­lent­li­gi 329 met­re deň bo­lan bä­şin­ji gök­di­rän ulan­ma­ga be­ril­di. Bi­na­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Nýu-Ýork şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry En­dr­ýu Kuo­mo gök­di­rä­niň şä­he­riň ka­şaň bi­na­la­ry­nyň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ba­ha­sy 2,7 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan 80 gat­ly tä­ze gök­di­rän “Ro­gers Stirk Har­bo­ur + Part­ners” bi­na­gär­lik kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­lan­dy. 2010-njy ýyl­da düý­bi tu­tu­lan bu bi­na­nyň gur­lu­şy­gyn­da 4 müň tö­we­re­gi adam zäh­met çek­di.
44 lift hyz­mat ed­ýän bu bi­na­nyň 17-nji, 60-njy we 76-njy gat­la­ryn­da ba­lko­na çyk­mak üçin ýer bar. Gök­di­rä­niň aşa­ky bäş ga­tyn­da dürli dü­kan­lar ýer­leş­di­ri­len. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, on­da 6 müň tö­we­re­gi adam iş­lär. Bu bi­na be­lent­li­gi 541 met­re deň bo­lan dün­ýä­niň al­tyn­jy gök­di­rä­ni ha­sap­lan­ýan “Free­dom To­wer” bi­na­sy­nyň ýa­nyn­da gu­rul­dy. Hä­zir­ki wagt­da Nýu-Ýork­da 100-den gow­rak gök­di­rän bo­lup, ola­ryň be­lent­li­gi 183 metr­den geç­ýär. Be­lent­li­gi bo­ýun­ça Nýu-Ýork gök­di­rän­le­ri­niň ikin­ji­si­niň be­lent­li­gi 426 met­re, üçün­ji­si­niň be­lent­li­gi bol­sa, 443 met­re deň­dir. Şä­he­riň ilkinji gurlan gök­di­rä­ni “The World Bu­il­ding” 1890-njy ýyl­da gurlup, ol ame­ri­kan ne­şir­ýat­çy­sy, Pu­lit­ser baý­ra­gy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jo­zef Pu­lit­se­re (1847-1911) de­giş­li­dir. Be­lent­li­gi 94 met­re ba­ra­bar bu ka­şaň bi­na öz döw­rü­niň iň be­ýik bi­na­sy bo­lup­dyr.