Gün planetasynda 8 sany planeta bolup, olaryň hersiniň reňki başgaçadyr. Olaryň reňkini kesgitleýän zat düzümidir. Gazlardan emele gelen Neptunyň ýüzi gaty däl. Atmosferasy Neptunyňka meňzeş bolan Uran hem gögümtil-ýaşyl reňklidir. Gurluşy we reňki başgaça bolansoň, ol bada-bat astronomlaryň we beýleki kosmosy öwrenijileriň ünsüni çekýär. Neptun iň soňky açylan planeta bolup, ol iň çetki planeta hasaplanýar. Ondan hem daşda ýerleşýän we Günüň daşyndan aýlanýan Pluton bolsa, planeta hasaplanmaýar. Neptunyň açylmagynda üç alymyň goşandy has uludyr. Astronomlar Uranyň töwereginde Nýutonyň ýeriň dartyş güýjüniň kanunyna görä, başga bir asman jisiminiň bolup biljekdigi barada köp pikirlendiler. XIX asyryň başlarynda fransuz astronomy Urben Lewerýe kagyz ýüzünde birnäçe ölçegleri amala aşyryp, Neptunyň bardygyny anyklaýar. Şol döwürlerde iňlis astronomy Jon Kuç Adams hem şol bir orbitada Neptunyň bardygyny nygtaýar. Soňra Berlin obserwatoriýasyna baryp, Iogan Galle bilen bilelikde planetanyň fiziki babatda açylmagyna sebäp bolýar. Şeýlelikde, 1846-njy ýylda Neptun teleskop arkaly anyklanýar.
Neptun Günden uzaklygy babatda 8-nji ýerde bolan ýaldyrawuk mawy reňkli planetadyr. Onuň atmosferasynda geliý, wodorod, metan gazlary bar. Planetanyň atmosferasyndaky metan Günden gelýän gyzyl şöhleleri özüne çekýär we beýleki reňkdäki şöhleleri yzyna serpikdirýär. Şol sebäpli ol gök reňkli bolup görünýär. Gün ulgamyndaky iň güýçli ýel bu planetada öwüsýär. Bu ýerde ýeliň tizligi sagatda 2400 km-e ýetýär.