Öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän en­jam­lar teh­no­lo­gi­ýa­sy bar­ha art­ýar. Hä­zir­ki wagt­da öri meý­dan­la­ryn­da sy­gyr­la­ra gözegçiligiň saklanmagy, ekin meýdanlarynda ýü­ze çy­kyp bil­jek ke­sel­le­riň we zy­ýan ýe­ti­ri­ji­le­riň öňü­niň alyn­ma­gy, hi­mi­ki der­man­la­ryň se­pil­me­gi ýa­ly iş­ler­de kä­mil teh­ni­ka­lar­dan we öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän en­jam­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ekin meý­dan­la­ryn­da iş­çi güý­ji ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­ma­ga hem ýar­dam ber­ýär. Sid­neý uni­wer­si­te­ti­niň (Awstraliýa) pro­fes­so­ry, oba ho­ja­ly­gyn­da dür­li yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­ýän Sa­lah Suk­ka­ri­eh ekin meý­dan­la­ryn­da has köp ro­bot peý­da bo­lup baş­lan­dy­gy­ny, ýa­ry­maw­to­mat ýa-da do­lu­ly­gy­na aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ekin meý­dan­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Soň­ky dö­wür­de iş­le­nip dü­zü­len ro­botlar şöh­lä­ni, ýy­ly­ly­gy we beý­le­ki daş­ky gur­şaw bi­len bag­ly tä­sir­le­ri öl­çe­ýän en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ola­ryň top­la­ýan mag­lu­mat­la­ry ro­bo­tyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len sel­je­ril­ýär. Ýo­ka­ry duý­gur­ly­gy bo­lan en­jam­lar dö­kü­niň be­ril­me­gi üçin bel­li bir ösüm­li­gi saý­la­ma­ga we hi­mi­ki se­riş­de­le­riň ula­ny­ly­şy­ny ep-es­li azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. He­re­ket et­me­gi üçin ge­rek bo­lan kuw­wa­ty Gün pa­nel­le­rin­den alýan RIP­PA ýa­ly ro­bot­lar köp wagt­lap dy­nuw­syz iş­läp bil­ýär. Ol bak­ja eki­len atyz­da ösüm­li­giň sag­dynly­gy­ny we ösü­şi­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar, zy­ýan ýe­ti­ri­ji­le­ri anyk­la­ýar. Şeý­le hem me­ha­ni­ki ýag­daý­da ösüm­lik­le­ri ta­pa­wut­lan­dyr­mak, su­wuk­lyk pürk­mek, top­rak­dan nus­ga­lyk al­mak ýa­ly he­re­ket­le­ri hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä­niň iň uly ro­bot bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ACFR-iň (Aust­ra­li­an Cent­re for Field Ro­bo­tics) hünärmenleri, esa­san hem, 3D çap usu­lyn­da­ky ösüş­le­riň ro­bot­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy­na se­bäp bol­jak­dy­gyny bel­le­­ýärler. ACFR has köp wagt­lap iş­läp biljek ro­bot­la­ry dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu mak­sat bi­len ýa­sa­lan ro­bo­tyň gün­di­zi­ne Gün­den alan ener­gi­ýa­sy gi­je­si bi­len iş­le­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ol gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da or­ta­ça 22 sa­gat iş­läp bil­ýär.
“Shrimp” at­ly ro­bot bol­sa, öri meý­dan­la­ryn­da sy­gyr­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek üçin iş­le­nip dü­zü­len. Gel­jek­de bu ro­bot öri meý­da­nyn­da­ky ot­la­ryň ýag­da­ýy­ny sy­gyr­la­ryň has köp süýt ber­me­gi üçin nä­hi­li ulan­ma­ly­dy­gy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len peý­da­la­ny­lar. Ki­çi göw­rüm­li uç­ýan en­jam­lar (dron) hem oba ho­ja­ly­gyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Awst­ra­li­ýa­da, Tai­land­da we ABŞ-da akar suw­la­ryň öňü­ni bek­le­ýän suw ot­la­ry­ny anyk­la­mak üçin ýö­ri­te dron iş­le­nip taý­ýar­lan­dy.

Mer­dan Se­na­ku­ly­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň Türk­me­na­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.