Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen çuň manyly eserinde geografik taýdan amatly ýerleşýän mähriban Watanymyzyň dünýä medeniýetiniň, ykdysadyýetiniň özara hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşan önjeýli goşandy taryhy maglumatlar esasynda örän täsirli beýan edilýär. Kitaby okanyňda gadymy Rim Imperatory Mark Awreliniň (121-180) “Ýurdunyň ylmyna, medeniýetine, lukmançylygyna, aýratyn üns berýän liderli döwlet elmydama berk bolar” diýen jaýdar sözleri hakydaňda janlanyp, ata Watanymyzyň häzirki eşretli günleri dogrusynda guwançly duýgulara beslenýärsiň. Çünki Berkarar döwletimizi pajarladyp ösdürmäge gije-gündiz tagalla edýän milli Liderimiziň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän täsin ýerler Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryny görkezýän iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Şeýle täsin ýerleriň her biriniň özboluşly taryhy geçmişi bar. Şol keremli mekanlaryň biri hem Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň günorta-gündogaryndaky Öwezbaba diýen ýerdir. Adamlar asyrlar boýy bu ýere zyýarata gelip, mukaddes ýer hökmünde garapdyrlar.
Belli rowaýata görä, ir zamanlarda bu ýerde oturymly ilat ýaşapdyr. Bu obada uly iliň öňüne düşüp ýören, adalatlylygy bilen tanalýan Öwezbaba diýen weli kişi hem ýaşapdyr. Günleriň birinde obanyň üstüne ýagy dökülýär. Oba aljyraňňylyga düşýär. Şol başagaýlykda dünýäni unudyp, bütin ruhy bilen tagat-ybadata berlip duran Öwezbaba rehim-şepagatyň nämedigini bilmeýän ýagynyň pidasy bolýar. Şol pursatda takwa kişiniň mis kündügi hem ýykylyp, ol ýerden gudrat bilen durnagöz çeşme çogup çykýar. Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten bu ýeke-täk rowaýat halkyň hakydasynda ýaşap, onuň orta atýan ruhy-ahlak ýörelgeleri şu günki günde hem öz ähmiýetini ýitirenok.
Wagtyň geçmegi bilen ýerli ýaşaýjylar Zeminiň teýinden buldurap çykýan kükürtli çeşmä gelip, saglygyny dikeldip ugrapdyrlar. Saglygyňy dikeltmek üçin bu täsin tebigy künjek özüniň jana şypaly howasy, kükürt-wodorodly çeşmesi hem-de palçygy bilen tapawutlanýar. Melhem suwundaky peýdaly maddalaryň toplumy bu ýeriň howasy bilen utgaşyklykda, nähoşlaryň umumy saglygynyň berkemeginde aýratyn ähmiýeti bar. Çeşmäniň mikroelementlere baý palçygy bolsa, dürli deri kesellerine em bolýar. Häzirki wagtda çeşmäniň melhemli suwundan dertlerine em tapýanlar barha artýar. Şol sebäpden bu ýere gelýänleriň sany gitdigiçe köpelýär. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, çeşmäniň suwy deri, nerw we beýleki nähoşluklardan saplanmakda örän peýdalydyr.
Gurbanmämmet Kömekow,
Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr
obasynyň ýaşaýjysy.