9-10-njy iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞGG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 18-nji sammiti geçirildi. Sammitde gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylary sebitde täze transport ugurlaryny ýola goýmak we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň tranzit mümkinçiliklerini güýçlendirmäge ýardam bermegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugruň ähmiýeti söwda we ykdysady gatnaşyklary barha ýokarlanýan Ýewraziýa sebiti üçin has-da möhümdir. Golaýda bu barada ŞHG-niň baş sekretary Raşid Alimow metbugat wekilleri bilen söhbetdeş boldy.
– Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) giň erkin söwda zolagyny ýola goýmak maksady bilen gümrük hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça uly işler alnyp barylýar – diýip, guramanyň baş sekretary Raşid Alimow mälim etdi. – Haçan-da, erkin söwda barada gürrüň gozgalanda ozaly bilen, demir ýollary, awiasiýa we deňiz ýollary bilen baglanyşykly birgiden meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaly bolýar. Biziň guramamyzda ŞHG-ä agza döwletleriniň transport ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hemişe hereket edýän ýörite toparymyz işläp, döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň tabşyrygy boýunça bilelikdäki ýollary ösdürmek boýunça ýörite ýol kartasynyň üstünde işläp başlady. Geçen ýyl awtoulag arkaly ýük gatnawy boýunça ylalaşyk güýje girip, ŞHG ylalaşygy arkaly oňa synçy we hyzmatdaş ýurtlaryň goşulmagy üçin oňaýly mümkinçilik döredildi.
Eýýäm, Belarus Respublikasy bu ylalaşyga goşulyşmaga isleg bildirdi. Şeýlelikde, harytlar “Ýaşyl ýol” arkaly Ýewropanyň Günbataryna çenli göni ugradylyp başlanar. Häzirki wagtda Pars aýlagy we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) ýurtlary bu ugra aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi ŞHG bilen özara gatnaşyk hem-de hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň sanynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Gümrük ulgamy barada Raşid Alimow şeýle diýdi:
– Häzirki wagtda biziň guramamyzda bu ugur boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Biz eýýäm, örän çynlakaý netijeleri gazanmagy başardyk. Soňky geçirilen sammitde gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berýän resminama kabul edildi. Bizde elektron söwda ulgamy boýunça ýörite topar işläp, söwdany ýeňilleşdirmek boýunça zerur işler ýola goýulýar. Munuň özi eýýäm, ägirt uly erkin söwda zolagyny ýola goýmak üçin zerur ädimlerdir.
Raşid Alimow söhbetdeşliginiň dowamynda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň geljekki bäş ýyllyk taslamasynyň öňe gidişi barada durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, geçen bäş ýylyň içinde, takmynan, 87 ýurt “Bir guşak, bir ýol” taslamasyna gatnaşmak baradaky degişli resminama gol çekipdir. Bu taslamanyň çarçuwasynda 75 sany ykdysady we söwda zolagy guralypdyr. Häzirki wagtda bu başlangyç özara bähbit esasynda guralyp, aragatnaşyklaryň has-da giňemegine ýardam berýär. Şoňa görä, bu başlangyç ägirt uly gelejegi nazarlaýar – diýip, Raşid Alimow sözüni soňlady.