17-nji iýunda Kolumbiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Iwan Duke ýeňiş gazandy we Kolumbiýanyň täze ýolbaşçysy boldy. Muňa ýekşenbe güni ýurduň saýlaw geňeşiniň mälim eden 99,87 göterim býulletenleriň sanawynyň netijeleri güwä geçýär. Iwan Duke saýlawçylaryň 53,97 göterim goldawyna eýe boldy. Onuň bäsdeşi “Öňdebaryjy hereket” partiýasynyň dalaşgäri Gustawo Petro sesleriň 41,81 göterimini almagy başardy.
Iwan Duke şu ýylyň awgustynda öz wezipesine girişer. Ýurduň kanunyna laýyklykda, Kolumbiýada Prezidentiň wezipe möhleti dört ýyl. Iwan Duke saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýada telekeçiligi we innowasiýany giň gerimde ösdürmäge aýratyn üns berjekdigine söz berdi. Ol ýurduň ozalky magdan ministriniň maşgalasynda ulaldy. 41 ýaşly Iwan Duke “Demokratik merkez” partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň hukukçy we ykdysatçy ýaly iki ugurdan bilimi bar. Şeýle hem onuň aýaly Maria Juliana Ruiz aklawjy hünärine eýe bolup, olaryň üç çagasy bar.