Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Milli dombra gününi geçirmek barada karara gol çekdi. Bu barada döwlet ýolbaşçysynyň metbugat gullugy habar berýär. Jemgyýeti mundan beýläk milli medeniýeti goramak we ösdürmek baradaky ideýalaryň töwereginde jemlemek maksady bilen iýul aýynyň birinji ýekşenbesinde Milli dombra güni belleniler diýlip, kararda nygtalyp geçilýär. Gazagystanyň hökümetine karary berjaý etmek üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Onuň berjaý edilişine gözegçiligi bolsa, Prezidentiň administrasiýasy amala aşyrar. Karar çap edilen gününden beýläk öz güýjüne girýär. Dombra çirtilip çalynýan kirişli saz guralydyr. Gazak dombrasy agajyň bütewi bir böleginden ýasalyp, onuň iki tary bar.