BAE-niň “Emi­ra­tes” awia­kom­pa­ni­ýa­sy go­laý­da sa­tyn alan ill­ýu­mi­na­tor­syz “Boeing 777-300ER” uça­ry­nyň sa­lo­ny­ny gör­kez­di. Onuň sa­lo­nyn­da penjireleriň ýe­ri­ne ber­ki­di­len ek­ran­lar­dan daş­ky gi­ňiş­li­ge to­ma­şa edip bol­ýar. Ýo­lag­çy­lar bu wir­tu­al pen­ji­re­ler ar­ka­ly gök as­ma­na we Ze­mi­ne na­zar aý­lap bi­ler­ler. “Emi­ra­tes” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Tim Klark şe­kil­le­riň ada­ty göz­ler bi­len ga­ra­nyň­da­ky­dan has aý­dyň we ýo­ka­ry hil­li­di­gi­ni aýd­ýar. Kom­pa­ni­ýa gel­jek­de hiç hi­li ill­ýu­mi­na­to­ry bol­ma­dyk şu­nuň ýa­ly uçar­la­ry ulan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
– Göz öňü­ne ge­ti­rip gö­rüň, siz uça­ra mün­ýär­si­ňiz. Da­şyn­dan se­re­de­niň­de, bir pen­ji­re­sem ýok. Em­ma içi­ne gi­re­ni­ňiz­de ill­ýu­mi­na­tor­la­ra gö­zü­ňiz düş­ýär – di­ýip, Tim Klark mu­nuň örän tä­sin­di­gi­ni ýyl­gyr­mak bi­len be­ýan ed­ýär. Şeý­le hem ol mu­nuň uçar­la­ryň gur­lu­şy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni we pen­ji­re­siz uça­ryň gur­lu­şyn­da kem ýe­ri­niň ýok­du­gy­ny bel­le­ýär. Ne­ti­je­de, uça­ryň ga­ba­ra­sy ýe­ňil bol­ýar, tiz uç­ýar we az ýan­gyç sarp ed­ýär.