16-njy iýul­da Finl­ýan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Hel­sin­ki­de Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň iki­çäk du­şu­şy­gy ge­çi­ri­ler. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da rus-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň köp ugur­ly ösü­şi­niň hä­zir­ki ýag­da­ýy, şeý­le hem hal­ka­ra hyzmatdaşlygynyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Bu ba­ra­da Krem­liň met­bu­gat gul­lu­gy­na sal­gy­la­nyp, Rus­si­ýa­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Rus li­de­ri­niň kö­mek­çi­si Ýu­riý Uşa­kow žur­na­list­ler bi­len ge­çi­ri­len söh­bet­deş­lik­de sam­mi­tiň ge­çi­ril­jek ýe­ri­niň iki ta­rap üçin hem öran amat­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol bir­nä­çe sa­gat­lap do­wam et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da pro­to­kol bö­lü­mi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni, şeý­le-de Pre­zi­dent­le­riň iki­çäk gep­le­şik­le­rin­den soň­ra bi­le­lik­dä­ki met­bu­gat mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Wla­di­mir Pu­tin we Do­nald Tramp sam­mi­tiň jem­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ka­bul edil­jek be­ýa­nat­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, hal­ka­ra de­re­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak, hal­ka­ra dur­nuk­ly­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ama­la aşy­ryl­jak iş­le­riň anyk ugur­la­ryny kes­gitlärler.