Meksikada geçirilen saýlawlarda “Bilelikde taryhy döredeliň!” bileleşiginden 64 ýaşly Andres Manuel Lopes Obrador ýeňiş gazandy. Milli saýlaw institutynyň başlygy Lorenso Kordowa geçirilen saýlawlaryň netijelerini mälim etdi. Maglumatlara görä, Lopes Obrador sesleriň 53,8 göterimine eýe boldy. “Meksikanyň hatyrasyna öňe!” bileleşiginiň wekili Rikardo Anaýýa bolsa, sesleriň 22,8 göterimini gazandy. Obradoryň bäsdeşleri, şol sanda Rikardo Anaý, Hose Antonio Mid we Haýme Rodriges Kalderon geçirilen saýlawyň netijelerini ykrar etdiler. Boliwiýanyň Prezidenti Ewo Morales, Kolumbiýanyň Prezidenti Huan Manuel Santos, Wenezuelanyň Prezidenti Nikolos Madura we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dagy meksikan syýasatçysyny saýlawlardaky gazanan ýeňşi bilen gutladylar.
Şeýlelikde, Meksikada 1-nji iýulda geçirilen ählumumy saýlawlarda raýatlar ýurduň täze Prezidentini saýladylar hem-de 128 senatory we palata deputatlarynyň 500 agzasyny öz içine alýan Kongresiň düzümini täzelediler. Şol birwagtyň özünde 32 sebitiň 30-synda häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, şol sanda gubernatorlyk wezipeleri üçin saýlawlar geçirildi. Latynamerikan ýurdunyň taryhyndaky bu uly ses berlişige 89 million töweregi saýlawçy gatnaşyp, oňa gatnaşyk 70 göterim töweregi boldy. Saýlawlaryň geçirilişine 2,7 million meksikan syýasy partiýalarynyň wekilleri, 30 müň ýerli we 900-den gowrak daşary ýurt synçylary gözegçilik etdi.