Ýewropa Bileleşigi Albaniýa we Makedoniýanyň 2019-njy ýylyň iýunyndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň düzümüne girmegi hakyndaky gepleşikleri geçirerler. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine salgylanyp, habar beriş serişdeleri mälim edýärler. Bileleşige agza ýurtlaryň içeri işler ministrleriniň maslahatynyň netijeleri boýunça mälim edilen beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň 2019-njy ýylyň iýunyndan başlap, Albaniýa we Makedoniýanyň Bileleşige girmegi hakyndaky gepleşiklere girişmeli diýen karara gelnendigi bellenip geçilýär. Gresiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, esasan Ýewropa Bileleşiginiň 25 ýurdy bu ugurdaky gepleşiklere girişilmegini makullaýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna Serbiýa, Çernogoriýa, Türkiýe, Albaniýa we Makedoniýa ýaly döwletler dalaşgär bolup durýarlar. Brýussel heniz bu ýurtlaryň Bileleşige girmeginiň anyk möhletlerini mälim etmeýär, ýöne 2017-nji ýylyň güýzünde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker Serbiýa we Çernogoriýanyň 2025-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň düzümüne girjekdigini habar beripdi.