Hä­zir­ki wagt­da Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­rin­de ba­tyr­gaý sy­nag ge­çi­ril­ýär. Wa­po­ret­to diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýolagçy gämileri mun­dan bu ýa­na zeý­tun ýa­gy bi­len iş­lär. Bu ugur­da şä­her hä­kim­li­gi bi­len trans­port kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yla­la­şan­dyk­la­ry ba­ra­da “Vene­zia To­day” ne­şi­rin­de ha­bar be­ril­ýär. Wa­po­ret­to­lar şä­he­riň için­den geç­ýän ka­nal­lar­da gi­je-gün­diz iş­läp, um­ma­syz di­zel ýan­gy­jy­ny ýak­ýar. Ýer­li hä­ki­mi­ýe­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, ösüm­lik­den al­nan ýan­gyç ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň tiz öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Res­to­ran­lar­da ula­ny­lan ösüm­lik ýag­la­ry Mar­ge­ra şä­he­rin­dä­ki kärhanada gaý­ta­dan iş­le­ner. Ne­ti­je­de, zeý­tun we beý­le­ki ösüm­lik ýag­la­ry filtr­den ge­çi­ri­lip aras­sa­la­nar. Hü­när­men­ler eko­lo­gik taý­dan aras­sa ýan­gyç al­mak üçin takmynan, 20 gö­te­rim ula­ny­lan ýa­gyň ge­rek bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Sy­nag ge­çir­mek üçin eý­ýäm 600 müň ýew­ro sarp edil­di. Gel­jek­de ýan­gy­jyň ju­da köp muk­da­ry­nyň ön­dü­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Sy­nag iş­le­ri no­ýab­ra çen­li do­wam eder. Ge­çen ýy­lyň güý­zün­de bol­sa, ko­fe ga­lyn­dy­la­ryn­dan al­nan bio­ýan­gyç bi­len Lon­do­nyň dün­ýä bel­li gy­zyl aw­to­bus­la­ry iş­le­di­lip­di. Ko­fe dä­ne­le­rin­den al­nan ýan­gy­ç “Bio­be­an” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.