Saud Arabystany öz çäklerinde Selwa kanalynyň gurluşygy boýunça taslamany amala aşyrmaga girişer. Taslama gatnaşmak üçin bäş kompaniýa isleg bildirip, onuň netijeleri 90 günde mälim ediler. Saud Patyşasynyň maslahatçysy Saud al-Kahtani ýurduň raýatlaryny bu beýik taslamanyň amala aşyrylmaga başlanmagy bilen gutlady. Kanalyň uzynlygy 60 kilometre, ini 200 metre, çuňlugy bolsa 15-20 metre barabar bolup, ol deňiz gämileriniň ähli görnüşlerini kabul eder. Gurluşyk işleri bary-ýogy 12 aý dowam eder we 2,8 milliard saud rialy çykdajy ediler. Taslama laýyklykda, patyşalygyň täze deňiz kenarlarynda dynç almak üçin hususy plýažly ýerler we bäş ýyldyzly myhmanhana peýda bolar. Mundan başga-da kanalyň kenarynda täze portlary we beýleki Pars aýlagy ýurtlaryna deňiz gezelençlerini amala aşyrmak maksady bilen iki kruiz kompaniýasyny açmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem sebitde erkin söwda zolagy dörediler. Bu kanal diňe Saud Arabystanyna degişli bolar, çünki ol patyşalygyň çäklerinde gurlar. Saud Arabystanynyň häkimiýetine Patyşa Salman ben Abdel Aziz al-Saudyň gelmegi hem-de öz ogly Muhammed ben Salmany patyşalykda mirasdüşer şazada hökmünde wezipä bellemegi okgunly özgerişlikleriň bolmagyna getirdi. Esasan hem, zenanlara awtoulag sürmäge we sport çärelerine gatnaşmaga rugsat berildi.