Finlýandiýanyň Laplandiýa sebitiniň Rowaniemi şäherindäki Kotisari adasy dünýäniň iň owadan ýerleriniň biri hasaplanýar. Bu ýer her pasylda özboluşly gözellige bürenýär. Adany guşuçar belentlikden her pasylda surata alan fotosuratçy Jani Ýlinampa bu tebigy gözelligi has aýdyň görkezipdir. Adada bary-ýogy 9 adam ýaşaýar. Adanyň ýaşaýjylary tokaýda agaç kesmek bilen meşgullanýarlar. Dünýäniň iň arassa howaly ýurtlarynyň biri bolan Finlýandiýada 50 müň töweregi köl bar. Demirgazyk polýusa golaý ýerleşýän ýurduň tebigy gözellikleri daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.