Hristofor Kolumbyň (1451-1506) Täze Dünýäni açanlygy baradaky habary berýän haty, öz ýerine – Italiýanyň Florensiýa kitaphanasyna getirildi. Ýarym asyr mundan ozal, bu wajyp resminama bu kitaphanada ýitirilipdi. Kolumbyň bu meşhur hatynda Amerika barşy, özünde galan ýiti täsirleri, şeýle hem täze yklymdaky henize çenli barlanyp görülmedik flora we faunanyň görnüşleri barada gürrüň berilýär.