Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy (UNF­PA) dün­ýä­niň ila­ty ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry çap et­di. Şol mag­lu­mat­lar esa­syn­da ge­çen asyr­da, hä­zir­ki wagt­da we gel­jek 50 ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň ila­ty ba­ra­da kä­bir gör­ke­zi­ji­ler be­ýan edil­di. 2 müň ýyl mun­dan ozal, dün­ýä­niň ila­ty­nyň sa­ny 300 mil­lio­na ba­ra­bar­dy. 1600-nji ýyl­da dün­ýä­niň ila­ty 600 mil­lio­na, 1804-nji ýyl­da 1 mil­li­ar­da, 1900-nji ýyl­da 1,5 mil­li­ar­da we 2011-nji ýyl­da 7 mil­li­ar­da ýet­di. Ila­tyň te­bi­gy kö­pe­liş dep­gi­ni 1950-nji ýyl­dan soň­ra has ýo­ka­ry ne­ti­je­ler bi­len ös­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ila­ty 7,7 mil­li­ar­da ba­ra­bar­dyr. Her ýyl or­ta­ça tu­tuş dün­ýä­de ilat sa­ny 84 mil­li­on adam kö­pel­ýär. Tak­my­nan, her 12 ýyl­da dün­ýä­niň ila­ty 1 mil­liard kö­pe­len ha­la­tyn­da, 2050-nji ýyl­da ilat sa­ny 10 mil­li­ar­da de­ňe­çer bo­lar.
BMG-niň Ilat gaz­na­sy­nyň sel­jer­me­si­ne gö­rä, 2017-2050-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da dün­ýä­niň ila­ty­nyň üs­tü­ne 2,2 mil­liard adam go­şu­lar. Bu ha­sa­bat döw­rün­de Af­ri­ka yk­ly­myn­da 1,3 mil­liard, Azi­ýa yk­ly­myn­da 750 mil­li­on adam kö­pe­ler. De­giş­li dö­wür­de ila­tyň azal­mak müm­kin­çi­li­gi­niň di­ňe Ýew­ro­pa­da bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2050-nji ýyl­da dün­ýä­niň ila­ty­nyň ýa­ry­sy­ny 9 ýurt dü­zer. Olar: Hin­dis­tan, Ni­ge­ri­ýa, Kon­go, Pa­kis­tan, Efi­o­pi­ýa, Tan­za­ni­ýa, ABŞ, Ugan­da we In­do­ne­zi­ýa.

Laçyn IŞANGULYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen
kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrap şahamçasynyň kitaphanaçysy.