ABŞ-nyň kos­mos eda­ra­sy NA­SA 17 ýaş­ly Alis­sa Kar­so­ny 2033-nji ýyl­da Mars pla­ne­ta­sy­na iber­mek üçin taý­ýar­la­ýar. NA­SA-nyň alyp bar­ýan tas­la­ma­sy esa­syn­da ol Mar­sa ädim ät­jek il­kin­ji yn­san bo­lar. NA­SA-nyň ast­ro­nawt mak­sat­na­ma­sy­na saý­la­nyp, şol mak­sat­na­ma bo­ýun­ça oku­wy ta­mam­lan Alis­sa Kar­son Mars pla­ne­ta­sy­na git­mek üçin tä­lim al­ýar. Kar­son ça­ga­lyk döw­rün­den bä­ri, ast­ro­nawt bol­ma­gy ar­zuw eden­di­gi­ni we şol ar­zu­wu­ny ha­syl et­mek üçin ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.
Ast­ro­nawt­lyk oku­wy bi­len bir ha­tar­da is­pan we fran­suz dil­le­ri­ni öw­ren­ýän Alys­sa Kar­son Hal­ka­ra älem gi­ňiş­li­gi uni­wer­si­te­tin­de bi­lim al­ýar. Alis­sa Kar­son 2033-nji ýyl­da “gy­zyl pla­ne­ta” diýlip ta­nal­ýan Mar­sa il­kin­ji sy­ýa­ha­ty­ny ama­la aşyr­mak bi­len bu ýe­re ast­ro­nawt­la­ryň ge­lip git­me­gi­ni ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär.
NA­SA eda­ra­sy köp ýyl­lar­dan bä­ri Mars pla­ne­ta­sy­ny öw­ren­ýär. Mu­nuň üçin 2012-nji ýyl­da bu pla­ne­ta “Curio­si­ty” mar­so­ho­dy­ny iber­di. Onuň aw­to­nom hi­mi­ýa la­bo­ra­to­ri­ýa­sy bar. Ol 2012-nji ýy­lyň 5-nji aw­gus­tyn­da Mar­sa uçu­ryl­dy. Il­ki­baş­da onuň býu­je­ti 650 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar­dy. Soň­lu­gy bi­len, tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 2 es­se­den gow­rak ar­typ, 2,5 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. 5 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri Gy­zyl pla­ne­ta­ny öw­ren­ýän mar­so­ho­dyň bu pla­ne­ta ba­ra­da ibe­ren mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da köp san­ly açyş­lar edil­di. Ol il­kin­ji su­ra­ty­ny Mar­sa go­nan­dan 15 mi­nut­dan soň­ra ibe­rip­di.