Alymlar näme üçin sürüjileriň ulag süren wagty uklaýandygyny anyklady. Awstraliýanyň Melburn tehnologiýa uniwersitetiniň (RMIT) hünärmenleri bu babatda ylmy-barlag işini geçirdi. Sürüjileriň näme üçindir ulag süren wagty ukusy tutýar. Bu ýagdaýyň sürüji bilen hiç hili dahylly ýeri ýok. Sürüjileriň ukusynyň gelmegine awtomobiliň döredýän pes ýygylykly wibrasiýasy sebäp bolýar. Bu barada “Science Daily” neşiri habar berýär.
Alymlaryň şeýle netijä gelmeklerine geçirilen birnäçe synag işleri kömek berdi. 15 meýletinçi bu barlaga gatnaşdy. Olar iki zolakly ýolda ulag sürdüler we bilermenler olaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Olaryň käbiriniň 4-7 gers möçberindäki pes ýygylykdaky wibrasiýadan täsirlenip, ýarym sagatdan soňra ukusy gelip ugrapdyr, bir sagatdan soňra bolsa, dolulygyna uky özüne çekipdir.
Alymlaryň pikirine görä, barlaga gatnaşan ýöne ýokarda agzalandan has pes ýygylykdaky wibrasiýadan täsirlenen sürüjileriň ukusy tutmandyr. Bilermenler awtoulag öndürijileriň bu barlagyň netijelerini nazarda tutup, awtoulaglaryň oturgyçlaryny ýerleşdiren wagtlary has seresaply çemeleşjekdiklerine ynam bildirdiler.