Bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň yhlasy, taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän her bir wakany uly şatlyk we ýokary buýsanç bilen garşy alýar. Şeýle wakalar bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyny ruhlandyryp, göwnüne goşa ganat berýär.
Mälim bolşy ýaly, eziz Arkadagymyz öz döwlet işinden daşary döredijilik bilen yzygiderli meşgullanyp, halkymyzyň taryhy, köpasyrlyk medeniýeti, milli mirasy, şeýle hem ylmyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan eserleri bilen halkyny begendirip durýar. Ol eserleriň her biri halkymyza ylymda-bilimde, medeniýetde, durmuş menzillerinde aýdyň ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Ýaňy-ýakynda eziz Arkadagymyz okyjylar köpçüligine “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly täze eserini sowgat berdi.
Ene! Gör, bu sözde nähili çuň many bar. Dünýäde eneden eziz hiç bir zat ýok. Ene-mamalarymyz ähli döwürlerde hem maşgala ojagyna wepalylygy, perzent terbiýesindäki yhlasy, ile-güne ýakyn durmagy bilen çäksiz hormat-sylaga mynasyp bolupdyrlar. Muny täze eseri ýüze sylyp, onuň jümmüşine aralaşan her bir okyjy ýakyndan duýýar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen täze kitabyň baş sahabynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suraty ýerleşdirilipdir. Täze kitap “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene – döwletlilik” atly dört bölümden ybarat.
Kitabyň “Sözden başlanýan ägirtlik” bölümi käbelerimiziň şirin zybanyndan çykýan her bir sözüniň egsilmez güýjüni beýan etse, “Öý-ojagyň gelşigi” bölümi enelerimiziň öz mährem ojagynyň görküdigini suratlandyrýar. Garragan çagyňda ýaş edýän kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýän eneler barada “Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi” bölüminde beýan edilip, olaryň ýokary ynsanperwerligi “Ene – döwletlilik” bölümi bilen utgaşyp gidýär.
Gahryman Arkadagymyz täze eseriniň sahypalarynda mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Okyjy mährem enelerimiziň, şöhratly ata-babalarymyzyň goýan mizemez durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny, mähremligini, hoşgöwünliligini, halallygyny, päkligini, ynsanperwerligini Ogulabat ejäniň keşbinde aýdyň görýär. Enelerimiziň şeýle belent sypatlary olar hakynda dünýä ýüzünde iň ajaýyp garaýyşlary kemala getiripdir. Bu belent sypatlary mährem enelerimiz özüniň Watan, öý-ojak, maşgala, perzent terbiýesine bolan milli garaýyşlary bilen asyrlaryň dowamynda ösdüripdirler.
Halkymyz “Ene – Käbe, ata – Kybla”, “Ene eli – em, dili – melhem”, “Ene – dünýä, ata – arka”, “Ene sözi – şeker, gelin sözi – bahar” diýýär. Dünýäniň görki hem, durky hem ene. Bu babatda asyrlaryň dowamynda iň gowy eserler ýazyldy, iň şirin aýdymlar, many-mazmunly kyssalar döredildi. Kino we sahna eserlerinde olaryň mährem keşbi kemala geldi. Ýerine ýetirilýän nusgalyk işleriň netijesinde, eneleriň atlary taryhyň sahypalaryna ýazyldy.
Berkarar ýurdumyzda mährem enelerimiziň orny, gadyr-gymmaty bimöçberdir. Sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere ýörite döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli enelerdir gelin-gyzlarymyza we gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlarynyň gowşurylmagy mährem käbelerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Bu günki gün diýarymyzyň mährem zenanlary ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň göreldesine eýerip, durmuşymyzyň her bir ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ylymda-bilimde, oba hojalygynda, saglyk hem-de medeni ulgamlarda we beýleki ähli ugurlarda olaryň çekýän asylly zähmeti ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär.
Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly täze kitaby eziz enelere hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr.
Goý, döwet galamynyň astyndan çykýan baý mazmunly eserleri bilen okyjylaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, kalplarda iň ýagşy duýgularyň döremegine ýardam edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döredijilik örüsi has-da giňesin!
Täzegül Annamämmedowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.