Dünýäde 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi 2,5 trillion dollara ýetdi. Bu rekord derejedäki ýokary görkezijidir. Muny geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, kompaniýalaryň birikmeginiň işjeňligi hem tassyklaýar diýlip, “Financial Times” neşirinde bellenilýär. “Thomson Reuters” media kompaniýasy 1980-nji ýyldan bäri kompaniýalaryň birleşmegi baradaky maglumatlary ýygnap ugrandan soň, ylalaşyklaryň mukdarynyň pul görnüşiniň hasaby çykarylýar.
ABŞ-nyň media we telekommunikasiýa pudaklaryndaky iri ylalaşyklar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, dünýä derejesindäki ylalaşyklaryň möçberiniň 65 göterim ösüşine ýardam berdi. Birinji ýarym ýylda iň uly geleşikleriň hatarynda ýapon kompaniýasy “Takeda”-nyň 77 milliard dollara irland farmasewtik kompaniýasy “Shire”-y satyn almagy, şeýle hem “T-Mobile”-yň bäsdeş amerikan telekommunikasiýa kompaniýasy “Sprint” bilen 59 milliard dollara birleşdirilmegi we bölekleýin satuw bilen meşgullanýan “Walmart” kompaniýasynyň elektron söwdasy bilen meşgullanýan “Flipkart”-y 16 milliard dollara satyn almagy boldy.
Bütin dünýä boýunça kompaniýalaryň her biri 5 milliard dollardan gowrak serişde bilen 79 geleşik baglaşyp, munuň özi 2007-nji ýylda bellige alnan rekord görkeziji bilen deňeşdireniňde, has ýokarydyr. Mundan başga-da, her biri 10 milliard dollardan geçýän geleşikler baglaşylyp, sany boýunça rekord goýuldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda şeýle geleşikleriň 35-si baglaşyldy.
Ähli pudaklardaky iri kompaniýalar tehnologiýanyň diýseň çalt depginler bilen ösýändigi sebäpli, bäsdeşlikde has uly mümkinçilige eýe bolmak maksady bilen öz bäsdeşleri bilen birleşmegiň zerurdygyna göz ýetirip ugradylar. Geleşikleriň işjeňligi ähli sebitlerde bolup geçdi. Ol ABŞ-da iň ýokary derejä ýetip, Ýewropada iki esse artdy. Aziýada ýyllyk ösüş 22 göterime deň boldy. Hytaý kompaniýalarynyň daşary ýurtlardaky satyn alşynyň möçberi ýylyň birinji ýarymynda 76 milliard dollara ýetdi. Emma hytaý maýadarlarynyň ABŞ-nyň çäklerinden daşarda energetika pudagyndaky işjeňligi has-da artýar. Ýyllyk ösüşini 89 göterim artdyrmagy we energetika pudagyndaky geleşikleriniň möçberini 39 milliard dollara ýetirmegi bu ýurduň täze rekordy boldy.