Arheologlar Kairiň (Müsür) demirgazygyndaky San el-Hagar diýen ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde grek-rim döwründen galan desganyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu açyşy Müsüriň gadymy ýadygärlikler boýunça ýokary geňeşiniň arheologik missiýasy amala aşyrdy. Alymlar ýüze çykarylan desganyň gerek-rim döwründe gurlan hammamyň bir bölegidigini nygtaýarlar. Desganyň daş bilen düýbi tutulyp, gyzyl kerpiç bilen salnypdyr.
Şeýle hem ol ýerden köp mukdardaky artefaktlar ýüze çykaryldy. Arheologlar keramik gap-gaçlaryň giden bir toplumyny, gyzylymtyl-goňur reňkli heýkeljikleri, bürünçden edilen gurallardyr şaýylyklary, guzujygyň kiçijik heýkeljigini we beýleki zatlary ýüze çykardylar. Tapylan artefaktlaryň arasynda iň gymmatlysy ýüzünde patyşa Ptolemeý III şekillendirilen altyn şaýylyk boldy. Toparyň başlygy Said El-Asalyň aýtmagyna görä, şaýylyk kakasynyň hormatyna onuň ogly Ptolemeý IV (miladydan öň 244-204 ýyllar) tarapyndan zikgelenipdir. Şaýylygyň diametri 2,6 santimetr, agramy 28 gram töweregi. Şaýylygyň bir tarapynda Ptolemeý III, beýleki bir tarapynda bolsa, onuň ady hem-de bolelinligi alamatlandyran şekiller haşamlanypdyr.