Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­rlygyna ozal­ky ýew­ro­ko­mis­sar, por­tu­ga­li­ýa­ly we­kil An­to­nio Ma­nu­el de Kar­wal­ho Wi­to­ri­no saý­lan­dy. Onuň mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te mas­la­ha­tyn­da bu we­zi­pä saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da gu­ra­ma­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Ol özü­niň ikin­ji bäş ýyl­lyk möh­le­ti­ni ta­mam­la­ýan ame­ri­ka­ly Uil­ýam Leý­si Swin­giň ýe­ri­ne ge­çer. An­to­nio Ma­nu­el şu ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da öz we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. 1957-nji ýyl­da dog­lan An­to­nio Ma­nu­el 1999-2004-nji ýyl­lar­da hu­kuk we içe­ri iş­ler bo­ýun­ça ýew­ro­ko­mis­sa­ryň we­zi­pe­sin­de iş­le­di, 1995-1997-nji ýyl­lar­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­ne ýol­baş­çy­lyk et­di we ýur­duň wi­se-prem­ýe­ri bol­dy.
Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­ha­tyn­da bu we­zi­pä öz hö­kü­met­le­ri ta­ra­pyn­dan üç da­laş­gär – ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy “Sa­ma­ri­tan’s Pur­se”-den Ken Aý­zeks (ABŞ), Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça Hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Lau­ra Tomp­son (Kos­ta-Ri­ka) we ozal­ky ýew­ro­ko­mis­sar An­to­nio Wi­to­ri­no (Por­tu­ga­li­ýa) da­gy­ hö­dür­len­di­. Saý­la­mak üçin ses ber­li­şik­ler­de Por­tu­ga­li­ýa­nyň we­ki­li ses­le­riň üç­den iki­si­ne eýe bol­dy. Bu gu­ra­ma 1951-nji ýyl­da döw­le­ta­ra gu­ra­ma­sy hök­mün­de esas­lan­dy­ryl­dy.