“Fi­nancial Ti­mes” ne­şi­ri­ne de­giş­li “The Ban­ker” žur­na­ly dün­ýä­niň iri bank­la­ry­nyň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. Sa­na­wyň ba­şyny 324 mil­liard dol­lar ma­ýa­sy bo­lan Hy­ta­ýyň Se­na­gat we tä­jir­çi­lik ban­ky “In­dust­ri­al and Com­mercial Bank of Chi­na” çekýär. Sa­naw “Chi­na Const­ructi­on Bank”, (272 mil­liard dol­lar) “Bank of Chi­na” (224 mil­liard dol­lar) we “Ag­ricul­tu­ral Bank of Chi­na” (218 mil­liard) bi­len do­wam ed­ýär. Ne­şir “Iň uly 1000 bank” at­ly sa­na­wy her ýyl ýaý­rad­ýar. 209 mil­liard dol­lar go­ry bo­lan “JP Mor­gan Cha­se” ame­ri­kan ma­ýa go­ýum ban­ky bä­şin­ji bas­gan­ça­gy, 191 mil­liard dol­lar­ly “Bank of Ame­rica” al­tyn­jy ýe­ri eýe­le­di. Sa­naw “Wells Far­go” (178 mil­liard), “Citig­ro­up” (165 mil­liard), “Mit­su­bis­hi UFJ” (153 mil­liard) bi­len do­wam ed­ýär. Ang­li­ýa­nyň HSBC ban­ky bol­sa, 151 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa­sy bi­len il­kin­ji on­lu­gyň soň­ky bas­gan­ça­gy­ny eýe­le­di. Ne­şir­de Ýew­ro­pa bank­la­ry­nyň ýag­da­ýy­nyň go­wu­la­nyp baş­lan­dy­gy, se­bit bank­la­ry­nyň glo­bal de­re­je­de bank­dan alyn­ýan peý­da­da­ky pa­ýy­nyň 13 gö­te­rim­den 20 gö­te­ri­me çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le hem şu ýyl il­kin­ji ge­zek sa­na­wyň ba­şyn­da­ky dört ban­ky hy­taý­ly ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň eme­le ge­ti­ren­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Bu gör­ke­zi­ji hy­taý bank­la­ryn­da 33 gö­te­rim tö­we­re­gi bo­lup­dyr.
Sa­na­wyň ba­şyn­y çekýän bank (ICBC) umu­my go­ru­ny 43 mil­liard dol­lar art­dy­ryp­dyr. Hy­taý bank­la­ry­nyň öz gor­la­ry­ny 20 gö­te­rim art­dy­ran­dy­gy mä­lim edil­di.