Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi Afrikanyň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň “akylly” şäherleriniň reýtinginiň başyny çekýär. “Akylly” şäher – rahat gelejek üçin öýjükli çözgüt diýlip, “McKinsey Global Institute”-yň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlaglarda mälim edilýär. Bu barlaglarda dünýäniň ähli şäherlerinde ýaşaýyş-durmuşyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylýan tehnologiýalar göz öňünde tutulypdyr. Onda saglygy goraýyş, howpsuzlyk, ulag, ykdysady ösüş we ýaşaýyş jaý ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär. Abu-Dabi 18,4 reýting bilen sebitde birinji orna, Dubaý bolsa, 17,3 reýting bilen ikinji ýere mynasyp boldy.
Dünýäniň 50 şäherine bagyşlanan hasabatda tehnologiýanyň ynsan durmuşynyň hilini näderejede ýokarlandyryp, ýaşaýşy aňsatlaşdyrýandygy barada bellenip geçilýär. Tehnologiýa arassa howadan başlap, raýatlaryň howpsuzlygyna çenli durmuşyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Şäheriň “akylly” diýen derejä eýe bolmagy üçin, ol sanlaýyn mäkäm infrastrukturany, şol sanda maglumatlary toplamak üçin, şeýle hem olary saklamaga hem-de ulanmaga niýetlenen toplumlaýyn giň zolakly we simsiz ulgamy öz içine almalydyr diýlip, “McKinsey Global Institute”-niň golaýda geçiren barlaglarynda mälim edilýär.