Günorta Ko­re­ýa­nyň elekt­ro­ni­ka ön­dü­ri­ji­si “Sam­sung Electro­nics” Hin­dis­tan­da tä­ze iri önümçilik desgasyny aç­dy di­ýip, “Sam­sung” kompaniýasynyň metbugat üçin be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di­niň we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çži Iniň 9-njy iýul­da “Sam­sung Electro­nics” za­wo­du­nyň Ut­tar-Pra­deş şta­ty­nyň Noi­da şä­he­rin­de da­ba­ra­ly açy­ly­şy­na gat­na­şan­dy­gy ba­ra­da “Sam­sung”-yň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Şeý­le hem “Sam­sung In­dia” “Dün­ýä üçin ber­jaý et” (Ma­ke for the World) di­ýen baş­lan­gy­jy ýo­la go­ýup, onuň mak­sa­dy da­şa­ry ýurt ba­za­ry üçin Hin­dis­tan­da ön­dü­ri­len mo­bil te­le­fon­la­ry­nyň eks­por­ty bo­lup dur­ýar.
“Sam­sung” özü­niň tä­ze kär­ha­na­sy­nyň ýar­da­my bi­len Noi­da­da­ky hä­zir­ki kuw­wa­ty­ny iki es­se art­dy­ryp, ýyl­da 68 mil­li­on­dan 120 mil­li­on bir­li­ge çykmagy ba­şa­rar. “Sam­sung” 2007-nji ýyl­dan bä­ri Hin­dis­tan­da te­le­fon ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. “Sam­sung Electro­nics” elekt­ro­ni­ka ön­dü­ri­ji hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, ýa­rym ge­çi­ri­ji­li en­jam­la­ry, te­le­kom­mu­ni­ka­si­on ab­zal­la­ry, ýat çip­le­ri­ni, su­wuk kris­tal disp­leý­le­ri, yk­jam te­le­fon­la­ry we mo­ni­tor­la­ry ön­dür­ýär. Onuň mer­ke­zi eda­ra­sy Se­ul­da ýer­leş­ýär.