Awstraliýaly Çarlton Kreggsiň Ýuwaş ummanynyň Bora-Bora adasyndan ugradylan ýazgyly çüýşäni tapandygy we onuň awtoryna jogap ýazandygy barada “United Press International” saýtynda mälim edilýär. Kreggs Nýu-Ýorkuň golaýyndaky Long adasynyň kenarynda aýlanyp ýörkä, ýazgyly çüýşe tapýar. Onuň içinde hatjagaz we bir amerikan dollary bar eken. Hatda awtor özüni Tom Law diýip tanadypdyr.
Kanadaly Tom Law 2016-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Long adasyndan alty müň kilometr uzaklykdaky Bora-Bora adasynda syýahatda bolýar. Ol hat ýazmagy hem-de ony çüýşä salyp deňze atmagy ýüregine düwýär. Haty tapanyň özi bilen habarlaşmagy üçin hatynda poçta we elektron salgysyny görkezýär. Çüýşe 7 müň kilometr aralygy külterläpdir. Netijeler köpi haýran galdyrypdyr.
– Dogrusy, meniň begenjimden ýaňa awtor bilen tizräk habarlaşmaga we oňa tapan hatym barada aýtmaga sabyr-takadym ýetmedi, bu edil filmlerdäki ýaly boldy – diýip, Kreggs gürrüň berýär. Ol tapan kagyz puly bilen hatyny birlikde diwardan asyp goýmaly diýen karara gelýär.
– Men munuň şeýle bolanyna haýranlar galdym – diýip, Law belläp geçýär. Onuň aýtmagyna görä, ol öňlerem çüýşede şeýle ýazgylary ugradyp gören eken, ýöne ilkinji gezek jogap alypdyr.