Ady: “The Nice Guys”
Režissýory: Şeýn Bläk
Keşplerde: Rassell Krow, Raýn Gosling, Anjuri Raýs, Mett Bomer, Margaret Kualleý, Keit Dewid, Kim Besinjer
Prodýuseri: Joel Silwer
Ssenariçisi: Şeýn Bläk, Entoni Bagarozzi
Öndüriji şereketler: “Silver Pictures”, “Waypoint Entertainment”, “RatPac-Dune Entertainment”
Paýlaýjy şereket: “Warner Bros. Pictures”
Kompozitory: Dewid Bakli, Jon Ottman
Operatory: Filippe Russelot
Montažçy: Joel Negron
Dowamlylygy: 116 minut
Görnüşi: syrly komediýa
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 50 million $
“Iron Man 3” we “Kiss Kiss Bang Bang” filmleri bilen adygan režissýor Şeýn Blägiň surata düşüren “Oňat oglanlar” (The Nice Guys) atly täze filminde baş keşpleri Raýn Gosling bilen oskarly Rassell Krow, şol sanda, Margaret Kualleý, Anjuri Raýs, Mett Bomer, Keit Dewid hem-de Kim Besinjer dagy janlandyrýar. Premýerasy şu ýylky Kann film festiwalynda bolan kinonyň býujeti 50 million dollara deň. Atlanta we Los Anjeles şäherlerinde surata alnan film “Warner Bros. Picture” şereketi tarapyndan paýlanar. Ekran eseri bilermenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy (7,5/10).
1970-nji ýyllaryň Los Anjelesi. Holland Març atly aňtawçy bilen ünsli gözlegçi Jekson Hili bir wakanyň syryny ýüze çykarmagyň aladasynda. Olar şol syrly wakanyň şaýady bolan bir gyzyň gözlegine düşýärler. Gözlenilýän bu gyz aktrisa Misti Mauntanyň nädip ölendigini ýa-da öldürilendigini bilýär. Ýöne aňtawçylar ýokary wezipedäki adamlaryň biriniň jylawyna düşýär. Şondan soň, olaryň işi az-owlak üýtgeýär…