16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi. Wladimir Putin bilen Donald Tramp ikiçäk duşuşykda halkara meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda “Demirgazyk akymy-2” gaz geçirijisiniň gurluşygy, söwda, goranyş, ylym, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylary bu duşuşygyň ähmiýetlidigini we maksada laýykdygyny belläp geçdiler.
Iki sagatdan gowrak wagta çeken ikiçäk duşuşyk şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýär. Mundan ozal, iki ýurduň liderleri geçen ýylyň iýun aýynda Germaniýada geçirilen G20 sammitinde öz diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara meseleleriniň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşypdylar, Wýetnamda geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň maslahatynda bolsa, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň liderleri bilen gezelenç wagty duşuşypdylar.
Iki lideriň duşuşygyna wekiliýetiň agzalarynyň goşulmagy bilen jemi dört sagada çenli dowam eden rus-amerikan sammiti tamamlanandan soňra Wladimir Putin we Donald Tramp metbugat ýygnagyna gatnaşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
– ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen açyk we işewür ýagdaýda geçirilen gepleşikleri örän şowly we peýdaly hasaplaýaryn – diýip, Wladimir Putin metbugat ýygnagynda aýtdy.
– Biz dostluk, hyzmatdaşlyk we parahatçylyk isleýäris – diýip, amerikan lideri öz gezeginde belläp geçdi.
Ýokary derejedäki rus-amerikan sammitini Finlýandiýada geçirmek barada ABŞ-nyň Prezidentiniň kömekçisi Jon Boltonyň 27-nji iýunda Moskwa gelmeginden soňra ylalaşyldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşuşykdan öň, Belgiýada we Beýik Britaniýada saparda boldy. Şol gün Prezidentleriniň gepleşikleri bilen birwagtda Helsinkide Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýkl Pompeonyň arasynda hem gepleşikler geçirildi.