“Bloomberg” agentliginiň reý­tin­gi­ne la­ýyk­lyk­da, “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zo­syň baý­ly­gy 150 mil­liard dol­la­ra ýe­tip, ta­ryh­da iň baý adam bol­dy. Munuň özi dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň sa­na­wyn­da­ky “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýt­siň baý­ly­gyn­dan 55 mil­liard dol­lar köp­dür. Bill Geýts dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň sa­na­wyn­da ikin­ji or­ny eýe­le­ýär.
Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki za­man ta­ry­hyn­da Be­zo­syň dün­ýä­niň iň baý ada­my­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. 54 ýaş­ly Jeff Be­zo­syň üs­tün­li­gi 2017-nji ýyl­da 60 gö­te­rim gym­mat­lan “Ama­zon”-yň paý­na­ma­la­ry­nyň düýp­li ös­me­gi bi­len şert­le­nen­dir. Bu ýag­daý Jeff Be­zo­syň baý­ly­gy­ny 39,2 mil­liard dol­lar art­dyr­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
Şu ýy­lyň mart aýyn­da “For­bes” žur­na­ly dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny ne­şir eden­de, Be­zos onuň ba­şy­ny çe­kip­di. Ame­ri­kan te­le­ke­çi­si Jeff Be­zos 1964-nji ýy­lyň 12-nji ýan­wa­ryn­da ABŞ-nyň Nýu-Mek­si­ko şta­ty­nyň Al­bu­ker­ke şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol “Ama­zon.com” in­ter­net kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we esas­lan­dy­ry­jy­sy we “Blue Ori­gin” ae­ro­kos­mos kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem-de “The Was­hing­ton Post” ne­şir­ýat öýü­niň eýe­si­dir.