90 mil­li­on funt ster­ling­lik şert­na­ma
Ang­li­ýaly ze­nan aý­dym­çy Adel Ad­kins “So­ny Mu­sic” şe­re­ke­ti bi­len re­kord ba­ha şert­na­ma bag­laş­dy. “The Gu­ar­di­an” ga­ze­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, “So­ny Mu­sic” şe­re­ke­ti 27 ýaş­ly aý­dym­ça 90 mil­li­on funt ster­ling tö­lär. Şol bir san­da şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ade­liň aý­dym­la­ry­nyň sa­tuw hu­ku­gy-da “So­ny” şe­re­ke­ti­ne de­giş­li bo­lar. Şun­luk­da, Adel aý­dym-sa­zyň ta­ry­hyn­da iň gym­mat şert­na­ma bag­la­şan aý­dym­çy bol­dy. On­dan öň­ki re­kord 2001-nji ýyl­da “Aris­ta” ta­ra­pyn­dan 70 mil­li­on funt ster­ling tö­le­nen Wit­neý Hýus­to­na de­giş­li­di.
“Bill­board” aý­dym-saz baý­rak­la­ryn­da “Send My Love (To Your New Lover)” at­ly aý­dy­my­nyň şe­kil­li aý­dy­my­ny to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­rip, jan­kö­ýer­le­ri­ne ga­ra­şyl­ma­dyk sow­gat eden Adel go­laý­da 85 mil­li­on funt ster­ling­lik gir­de­ji­si bi­len Ang­li­ýa­nyň iň baý ze­nan aý­dym­çy­sy di­ý­lip saý­la­nyp­dy.
* * *
100 mil­li­on dol­lar­dan ýüz öwür­di
“Jeýms Bond” film­le­ri­niň 8-nji “007”-si, ýag­ny jan­sy­zy bo­lan Da­ni­el Kreýg tä­ze şert­na­ma­ny ka­bul et­me­di. 2005-nji ýyl­dan bä­ri “Jeýms Bond” film­le­rin­de baş gah­ry­ma­nyň keş­bi­ni jan­lan­dy­ryp gel­ýän Kreýg mun­dan soň­ky 2 film üçin tek­lip edi­len 100 mil­li­on dol­lar­lyk tek­lip­den ýüz öwür­di. Ol özü­niň “Jeýms Bond” film­le­rin­dä­ki we­zi­pe­si­ni ta­mam­lan­dy­gy­ny aýt­dy. MGM stu­di­ýa­sy mun­dan soň, tä­ze Jeýms Bon­duň kim bol­jak­dy­gy ba­ra­da ala­da edip baş­la­dy. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu keşp üçin olar “Thor” film­le­ri­niň ýyl­dy­zy Tom Hiddls­tou­na, ol ka­bul et­me­se-de ga­ra­ýa­gyz akt­ýor Id­ris El­ba tek­lip bi­len ýüz tu­tar­lar. Da­ni­el Kreýg “Casi­no Roya­le”, “Quan­tum of So­lace”, “Sky­fall” hem-de “Spectre” at­ly 4 sa­ny “Jeýms Bond” film­le­rin­de Bon­duň keş­bi­ni jan­lan­dy­ryp­dy. Şo­la­ryň 3-nji­si pro­kat­dan ga­za­nan gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­rip­di.
* * *
Jo­li mek­dep­de sa­pak be­rer
Os­kar­ly akt­ri­sa An­je­li­ne Jo­li Lon­don­da­ky bir mek­dep­de okuw­çy­la­ra sa­pak be­rer. Soň­ky wagt­lar­da re­žiss­ýor­lyk hem ed­ýän Jo­li öňü­miz­dä­ki okuw ýy­lyn­da “Lon­don Scho­ol of Econo­mics” mek­de­bin­de adam, ze­nan hu­kuk­la­ry, pa­ra­hat­çy­lyk we gen­der deň­li­gi ba­ra­daky ders­le­re gi­rer. Ol: – Köp wagt­dan bä­ri ar­zu­wym. Adam, aý­ra­ty­nam, ze­nan hu­kuk­la­ry, gen­der deň­li­gi ba­ra­daky bil­ýän­le­ri­mi, öz öw­re­nen­le­ri­mi baş­ga­la­ra-da aň­lat­mak is­le­ýär­dim. Hä­zir­ki wagt­da me­niň üçin uly pur­sat dö­re­di – di­ýip, be­ýa­nat ber­di. BMG-niň pa­ra­hat­çy­lyk we­ki­li bo­lan Jo­li hä­li-şin­di adam hu­kuk­la­ry, bos­gun­la­ryň hu­kuk­la­ry ba­ra­daky kon­fe­ren­si­ýa­la­ra gat­naş­ýar. Hat­da, soň­ky wagt­lar­da bu onuň esa­sy işi­ne öw­rül­di.
* * *
Kol­lin­siň tä­ze keş­bi
Bri­ta­ni­ýa­ly akt­ri­sa Li­li Kol­lins “To The Bo­ne” at­ly ga­ra ko­me­di­ýa­da baş keşp­le­riň bi­ri­ni jan­lan­dy­rar. Ano­rek­sia ke­se­lin­den ejir çek­ýän ze­nan ba­ra­da­ky fil­me Mar­ti Nok­son re­žiss­ýor­lyk edip, ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni-de onuň özi ýa­zar. Ka­li­for­ni­ýa­da su­ra­ta dü­şü­ril­jek film­de Kol­lins­den baş­ga-da Kea­nu Ri­wes, Ker­ri Pres­ton, Li­li Teý­lor, Sia­ra Bra­wo ýa­ly ar­tist­ler çy­kyş eder. Ki­no 2017-nji ýyl­da pro­ka­ta çy­kar.