Häzirki wagtda Mongoliýanyň Hytaýa ýakyn araçäklerindäki 5,3 million gektar meýdany eýeleýän Gobi goraghanasynda Pržewalskiniň atlarynyň 200 sanysy saklanýar. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri habar berýär. Goraghananyň ýolbaşçylary olaryň baş sanyny 500-e çenli artdyrmagy maksat edinýärler. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şu günki günde Mongoliýada erkin ýaşaýan Pržewalskiniň atlarynyň umumy sany 340-a ýetýär. Tebigatda olaryň sürüsi 5-12-den köp bolmaýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Praganyň haýwanat bagyndan getirilen dört sany baýtalyň üsti bilen olaryň baş sany artdyrylypdyr. Alymlar olaryň tohumyny gorap saklamak we köpeltmek üçin azyndan 400-500 atyň gerekdigini aýdýarlar.
Bilermenler Pržewalskiniň atlaryny ýabany atlaryň ýeke-täk görnüşi diýip hasaplaýarlar. Geçirilen barlaglara görä, bu atlar 10-15 ýyl ýaşaýar.