Müsüriň Aleksandriýa şäheriniň gurluşyk kompaniýasynyň işgärleri gadymy Müsüre degişli taryhy ýadygärligiň üstünden bardylar. Bu açyş şäheriň merkezindäki Sidi-Gaber etrabynda döwrebap binanyň gurluşygyna taýýarlyk işleri geçirilýärkä edildi. Mälim bolşuna görä, ol agramy 30 tonna barabar bolan gara granitden ýasalan gadymy müsür sarkofagy eken. Taryhy ýadygärligi ýeriň ýüzüne çykarmak maksady bilen şäheriň gadymy ýadygärlikler boýunça edarasynyň hünärmenleriniň gözegçiligi astynda inženerler topary kömege çagyryldy.
Geçirilen ilkinji barlaglardan soňra, daş sandygyň uzynlygynyň 2,75 metrden, ininiň 1,65 metrden, boýunyň 1,85 metrden ybaratdygy belli boldy. Onuň ýüzi gadymy ieroglifler bilen haşamlanypdyr. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, ýüze çykarylan sarkofag juda abat saklanandygy bilen tapawutlanýar.
Indi müsürşynas alymlara tapyndynyň ýasalan anyk senesini anyklamak, granitdäki ýazgylar esasynda kimiň bu ýerde depin edilendigini we onuň diri wagtynda haýsy gatlaga degişli bolandygyny aýdyňlaşdyrmak ýaly juda irnik işler garaşýar.