Älem gi­ňiş­li­gi­ni gi­ňiş­le­ýin öw­ren­mek iş­le­ri dün­ýä­niň köp san­ly ýur­dun­da gyz­ga­laň­ly do­wam et­di­ril­ýär. Il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da bol­sa Mars pla­ne­ta­sy­ny öw­ren­mek alym­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu ugur­da eý­ýäm ABŞ-nyň kos­mos agent­li­gi NA­SA köp san­ly yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di we ge­çir­ýär. Gy­zyl pla­ne­ta­da ýa­şa­ýyş üçin tä­ze göz­leg­ler do­wam ed­ýär. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Ita­li­ýa­nyň Mil­li Ast­ro­fi­zi­ka ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­me­ni Ro­ber­to Oro­se­ýiň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry Gy­zyl pla­ne­ta­da su­wuk hal­da­ky ýe­ras­ty kö­lüň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy.

Şu açyş Mars­da ýa­şaý­şyň bar­dy­gy ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry güýç­len­dir­di. Bo­log­na şä­he­rin­dä­ki ins­ti­tu­tyň ast­ro­nom­la­ry “Mars Express” eme­li hem­ra­sy bi­len ama­la aşy­ran bar­lag­la­ryn­da goň­şy pla­ne­ta­nyň gü­nor­ta pol­ýu­syn­da üs­ti buz bi­len ör­tü­len kö­lüň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Ro­ber­to Oro­seý ini we uzyn­ly­gy bo­ýun­ça 20 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu ýe­ras­ty kö­lüň 1,5 ki­lo­metr çuň­luk­da­dy­gy­ny bel­le­ýär. “Science” žur­na­ly­na bu ba­ra­da mag­lu­mat be­ren ast­ro­nom kö­lüň ir­ki dö­wür­ler­de uly bol­man­dy­gy­ny çak­la­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Yl­my bar­la­ga gö­rä, bu kö­lüň An­tark­ti­ka­da­ky we Gren­lan­di­ýa­da­ky buz­luk­la­ryň aşa­gyn­da­ky ýe­ras­ty kö­le meň­zeş bol­ma­gy müm­kin. Pla­ne­ta­da­ky ho­wa­nyň ýag­da­ýy­nyň su­wuň doň­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi­ni hem bel­le­ýär­ler. Em­ma su­wuň dü­zü­min­dä­ki mag­niý, kal­siý we nat­riý ýa­ly duz­lar onuň doň­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Gün­ba­tar­ly alym­lar 2012-nji ýyl­dan tä 2015-nji ýy­la çen­li Gy­zyl pla­ne­ta­nyň de­mir­ga­zyk pol­ýu­syn­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler. Ita­li­ýa­ly alym­lar pla­ne­ta­da top­ra­gyň aşa­gyn­da pes ra­dar tol­kun­la­ry­ny ula­nyp bu açy­şy edip­dir­ler.
Mars ýe­re go­laý­la­dy
31-nji iýul gü­ni Mars Ýe­re iň go­laý ýag­da­ýa ge­ler. Ast­ro­nom­lar şeý­le ha­dy­sa­nyň 2003-nji ýyl­da bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Günden 227 mil­li­on ki­lo­metr töweregi uzaklyk­da­ky Gy­zyl pla­ne­ta Ýe­re ozal­ky­syn­dan has go­laý­la­şar. Gün ul­ga­myn­da Ýer­den soň­ra 4-nji ha­tar­da­ky Mars 27-sin­den baş­lap, go­laý­lap baş­la­dy. Bi­ziň pla­ne­ta­myz Gü­nüň da­şyn­dan aý­la­wy­ny 365 gün­de, Mars bol­sa, 687 gün­de ta­mam­la­ýar. Iki pla­ne­ta­nyň go­laý­laş­ma­gy Mar­syň Gü­ne iň ýa­kyn, Ýe­ri­ňem Gü­ne iň uzak wag­ty­na ga­bat gel­ýär. Mars 2003-nji ýyl­da­ky­dan öň, 60 müň ýyl ozal Ýe­re go­laý­lap­dy. Em­ma mun­dan soň­ky ýa­kyn­lyk üçin o di­ýen köp wagt ge­rek bol­maz. Soň­ky ýa­kyn­ly­gyň 2020-nji ýy­lyň 6-njy okt­ýab­ryn­da bolar.

Aý tu­tu­ldy
27-nji iýul­da Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­sy Aý Ýe­re go­laý­lap, gy­zyl Aý tu­tul­ma­ ha­dy­sa­sy bol­dy. Mar­syň hem Ýe­re go­laý ge­len­li­gi se­bäp­li dür­li ýurt­lar­da Aýyň tu­tul­ma ha­dy­sa­sy bo­lan ma­ha­ly Mar­sy hem gö­rüp bol­dy. Bu te­bi­gy ha­dy­sa An­tark­ti­ka, Awst­ra­li­ýa, Azi­ýa ýurt­la­ryn­da, Rus­si­ýa, Af­ri­ka, Ýew­ro­pa we Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da to­ma­şa edildi. Öten agşam bolan bu ha­dy­sa 4 sagat töweregi dowam etdi.
Gy­zyl Aý tu­tul­masy diý­lip, pla­ne­ta­my­zyň Aýa tu­tuş­ly­gy­na kö­le­ge dü­şür­me­gi ne­ti­je­sin­de gy­zyl reňk­li gö­rün­me­gi­ne aý­dyl­ýar. Aý Ýe­riň da­şyn­da­ky aý­la­wy­ny 29,5 gün­de ta­mam­la­ýar. Gy­zyl Aý tu­tul­ma ha­dy­sa­sy di­ňe do­lan Aý döw­rün­de bo­lup geç­ýär. Şol ma­hal Ýer­de Gü­nüň do­gan we ba­tan ýer­le­rin­dä­ki Gün şöh­le­si Aýyň ýü­zü­ne ba­ryp ýet­ýär.