1ABŞ – 511,1 mlrd $: Bu ugurda birinjiligi ABŞ eýeleýär. Ylma sarp edilýän serişdäniň ýurduň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy boýunça deňeşdirilende, ABŞ 11-nji orny eýeleýär. Bir derňew geçiriji üçin sarp edilýän mukdar 359,9 müň dollara deňdir. 2016-njy ýyl boýunça ýurtda 1 million 380 müň derňew geçiriji hasaba alyndy.
2Hytaý – 451,2 mlrd $: Ylma sarp edilýän serişdäniň ýurduň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy boýunça deňeşdirilende, Hytaý 15-nji orny eýeleýär. Ol 2,12 göterime deňdir, ýöne umumy mukdar boýunça ikinji orunda durýar. Bu ýurtda bir barlag geçirijä sarp edilýän mukdar 266,6 müň dollar. 2016-njy ýyl boýunça ýurtda 1 million 692 müň derňew geçiriji hasaba alyndy.
3Ýaponiýa – 168,6 mlrd $: 2016-njy ýyl boýunça ýurtda barlag geçirijiniň sany 665 müňe deň boldy. Ýaponiýa ylmy pikirleri öňe sürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Ýurt ýokary tehnologiýa, maşyngurluşyk, energiýa tygşytlylygy, robot tehnikasy, lukmançylyk we kosmos giňişligini öwrenmek babatda öňdäki orunlarda durýar.
4Germaniýa – 118,5 mlrd $: Nemes derňew jemgyýeti, Maks Plank adyndaky jemgyýet (21 institut), Fraungofer adyndaky jemgyýet (19 institut) we beýlekiler ýurduň esasy ylmy jemgyýetçilik merkezleridir. Olar dürli federal we ýerli dolandyryş edaralaryndan maliýe serişdelerini alýarlar. Ýöne beýleki günbatar ýurtlary ýaly, Germaniýada-da ylmy barlaglaryň esasy maliýe çeşmesi hususy pudaklar bolup durýar.
5Koreýa Respublikasy – 79,4 mlrd $: Ylma sarp edilýän serişdäniň ýurduň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy boýunça deňeşdirilende, Koreýa 2-nji orny eýeleýär. Ol 4,24 göterime deňdir. Elektronika ulgamynda koreý ykdysadyýetiniň öňdebaryjysy “Samsung” kompaniýasydyr. Ol ählumumy maglumat tehnologiýasynyň öňdebaryjysydyr. Bu Koreýanyň üstünliginiň belli bir bölegidir. Mundan başga-da, dünýäde ulag önümçiliginde 5-nji orunda durýan “Hyundai-Kia”, dünýäde girdejisi boýunça ikinji orunda durýan polat guýýan POSCO, dünýä bazarynda köp mukdarda haryt satýan LG ýaly köp sanly kompaniýalar Koreýa Respublikasynyň ylmy gazananlarynyň üstüni ýetirýär.
6Fransiýa – 62,2 mlrd $: Fransiýanyň ylmy syýasaty Milli bilim, ýokary bilim we barlaglar ministrligi tarapyndan alnyp barylýar. Ol milli barlag hem-de innowasion syýasaty işläp düzýär. Milli barlag agentligi ylymda milli ýörelgeleri ýaýradýan edara bolup hyzmat edýär. Agentlik Fransiýanyň ylmy barlaglary maliýeleşdirýän esasy guramalarynyň biridir.
7Hindistan – 50,1 mlrd $: Häzirki wagtda Hindistan atom energetikasyny ösdürmekde öňdäki orunlary eýeleýär. Täze tehnologiýalaryň ösüşine gözegçilik edýän ýörite merkez bar. Ýurtda 504 ýokary okuw mekdebi bolup, onuň 185-si tehniki ugurlar boýunça inženerleri ýetişdirýär.
8Beýik Britaniýa – 47,2 mlrd $: XIX asyrda Beýik Britaniýa ylymda dünýäde birinji orny eýeleýärdi. XX asyrda bu ugurda ABŞ öňe saýlandy. Şeýle hem Beýik Britaniýada ozalky ýaly, köp sanly möhüm ylmy barlag merkezleri saklanyp galynýar. Beýik Britaniýada esasan hem, tebigy we tehniki ylma uly ähmiýet berilýär. 70-den gowrak iňlis alymy Nobel baýragyna eýe boldy, Beýik Britaniýada köp sanly ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar amala aşyryldy: parowoz, häzirki zaman welosipedi, elektromagnit, kürekleýji perli çarh, stereozwuk, fotografiýa, antibiotikler we beýlekiler.
9Braziliýa – 41,1 mlrd $: Soňky 10 ýyllykda Braziliýa halkara arenada ylymda uly üstünlikleri gazandy. Ýurtda ylym we tehnologiýa Braziliýanyň Ylym we tehnologiýa ministrligi tarapyndan gözegçilik edilýär. Ministrlik gönüden-göni Milli kosmos barlaglary institutynyň, Milli Amazon tokaýlyklary boýunça barlag institutynyň, Milli tehnologiýa institutynyň işini hem ugrukdyrýar.
10Russiýa – 39,9 mlrd $: Russiýa ylmy barlaglar we oýlap tapyşlara sarp edýän serişdeleriniň möçberi boýunça 10-njy orunda durýar. Ylma sarp edilýän serişdäniň ýurduň jemi içerki önümine bolan gatnaşygy boýunça deňeşdirilende, Russiýa 34-nji orny eýeleýär. Ol 1,1 göterime deňdir. Ýurtda bir barlag geçirijä sarp edilýän möçber bir ýylda 93 müň dollara deňdir. 2016-njy ýylda ylmy barlagçylaryň sany 428,9 müňe deňeçer boldy.
Röwşen MUHAMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.