Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýer titremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegini bermek tabşyryldy. Uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine ýetirildi. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy ýurduň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi.
Kermanşah welaýatynyň häkimi Huşang Bazwand türkmen wekiliýetinden doganlyk ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.
Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we ösdürmegiň, zerur bolan ýagdaýynda kömek bermek üçin gol uzatmagyň gadymdan gelýän däpleri türkmenlerde asyrlarboýy dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Goňşy Eýranyň günorta-gündogarynda bolup geçen tebigy hadysa uly weýrançylyklara getirip, ýerli ilat ejir çekdi. Halkymyza mahsus bolan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alýan Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habara seslenip, Eýranyň halky üçin ynsanperwer kömegini iberdi.
Soňky onlarça ýyllaryň içinde biziň ýurtlarymyz bilelikdäki iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly oňyn tejribesini topladylar. Şol taslamalar türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga gönükdirilip, tutuş sebitiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şolaryň hatarynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transmilli polat ýoly bar, ol sebitiň we dünýäniň ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm halkasyna öwrüldi.
Şu ynsanperwer çäre iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezdiginiň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi.