Iýul aýy­nyň 23-24-ine Bra­zi­li­ýa­nyň San-Pau­lo şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä oba ho­ja­lyk fo­ru­my ge­çi­ril­di. Oňa gat­na­şy­jy­lar oba ho­ja­ly­gy­nyň ösü­şi­niň mun­dan beý­läk-de has ne­ti­je­li, dur­nuk­ly ugur hem-de äti­ýaç­lyk­la­ry tyg­şyt­la­mak ar­ka­ly al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bi­ra­gyz­dan mä­lim et­di­ler. Bra­zi­li­ýa­nyň oba ho­ja­lyk mi­nist­ri Blaý­ro Mag­gi fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­syn­da öz ýur­du­nyň hö­kü­me­ti­niň bü­tin dün­ýä­ni gal­la bi­len üp­jün et­mä­ge ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni, şol bir­wag­tyň özün­de hem daş­ky gur­şa­wy go­rap, dur­nuk­ly ösü­şi ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy­nyň hem-de BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň nu­tu­gy­na la­ýyk­lyk­da, 2017-nji ýyl­da gal­la, et, ba­lyk we süýt önüm­le­ri­niň ag­la­ba gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň muk­da­ry re­kord gör­ke­ziji derejelere eýe bo­lup, gal­la äti­ýaç­lyk­la­ry­nyň sak­la­ny­ly­şy­nyň hi­li hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­ti­ril­di.
BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň Bra­zi­li­ýa­da­ky we­ki­li Alan Bo­ýa­niç önüm­çi­li­giň muk­da­ry­nyň ýe­ter­lik­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dün­ýä­de ýüz­be-ýüz bo­lun­ýan kä­bir kyn­çy­lyk­la­ryň he­ni­zem do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­läp geç­di. Bu fo­ru­ma hö­kü­met, işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri­niň we alym­la­ryň 3 müň­den gow­ra­gy gat­naş­dy. Olar azyk bi­len bag­ly dün­ýä­de ýü­ze çyk­ýan düýp­li me­se­le­le­riň, oba ho­ja­ly­gyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň, glo­bal­laş­ma­gyň we beý­le­ki­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.