25-27-nji iýul ara­ly­gyn­da BRIKS as­so­sia­si­ýa­sy­na ag­za ýurt­la­ryň onunjy sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­han­nes­burg şä­he­rin­de yk­dy­sa­dy­ taýdan ösüp barýan bäş ýur­duň – Bra­zi­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň li­der­le­ri jem­len­di­ler. Bu ýurt­lar dün­ýä­niň ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni öz içi­ne alyp, Ýer to­ga­la­gy­nyň dört­den bir bö­le­gi­ni eýe­le­ýär.
Döredilen wagty BRIKS ýurt­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­mi 24 gö­te­ri­me deň bo­lan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji şu günki günde 31 gö­te­ri­me baryp ýet­di. Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de syýasy, yk­dy­sa­dy, gen­der we aýal-gyz­la­ryň hak-hu­kuk­la­ry we beý­le­ki bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de Bra­zi­li­ýa se­bit­le­ýin ho­wa ýol­la­ry pu­da­gyn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi tek­lip eden bol­sa, Rus­si­ýa ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da yl­my-bar­lag­la­ryň umu­my me­ha­niz­mi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri öňe sür­di. Şeý­le hem BRIKS-iň ýe­ke-täk reý­ting agent­li­gi­ni esas­lan­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­ler mä­lim edil­di.
Bu sam­mi­te däp bo­ýun­ça bi­le­le­şi­ge gir­me­ýän beý­le­ki ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem ça­gy­ryl­dy. Oňa BMG-niň baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş, Ar­gen­ti­na­nyň, In­do­ne­zi­ýa­nyň, Mü­sü­riň, Ýa­maý­ka­nyň, Tür­ki­ýä­niň, şeý­le hem An­go­la­nyň, Ga­bo­nyň we Zim­bab­we­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Gu­ra­ma 2006-njy ýyl­da Sankt-Pe­ter­burg yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Bra­zi­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da esas­lan­dy­ryl­dy.