Monako öz çäklerini ýene-de 6 gektar ulaltmagy maksat edinýär. Bu ýagdaý deňziň içinde gurulmagy göz öňünde tutulýan täze etrabyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde mümkin bolar. Kenardan ýüzlerçe metr deňziň içinde ýene-de ýedi ýyldan gurulmagy meýilleşdirilýän geljekki etrabyň 18 bölüminiň birinjisiniň dabaraly açylyşy boldy.
Monakonyň döwlet ministri Serža Telýanyň aýtmagyna görä, täze etraplardyr seýilgähler we täze ýaşaýyş jaýlary knýazlygyň ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu taslamalaryň möhüm simwoliki ähmiýeti bolup, adam bilen tebigatyň arasyndaky arabaglanyşygy täzeçe dikeltmäge we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge edilýän çynlakaý tagalladyr.
Gurluşykda ulanmak üçin niýetlenen ilkinji ýüzýän platformalary Marselden Monakonyň kenarlaryna getirdiler. Deňziň içinde geçirilen bu dabara knýaz Albert II, ýurduň ministrleri, şeýle hem Monakonyň arhiýepiskopy Bernar Barsi gatnaşyp, taslamanyň gurluşygyna badalga berdiler.
Geçen asyryň ortalarynda knýazlyk telim sapar öz çäklerini deňziň hasabyna giňeldipdi. Bu ýagdaý Monakonyň meýdanyny takmynan, 20 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzir ol 2 inedördül kilometrden geçýär.