Dün­ýä­de ne­bit-gaz pu­da­gyn­da hyz­mat ed­ýän “Schlum­ber­ger” kom­pa­ni­ýa­synyň aras­sa gir­de­ji­si 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 971 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lup, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 4,8 es­se köp­dür. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň met­bu­gat üçin be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. “Schlum­ber­ger”-niň şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­dä­ki aras­sa gir­de­ji­si bol­sa, 441 mil­li­on dol­lar­dan yba­rat bol­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si 11,3 gö­te­rim­den tä 8,303 mil­liard dol­la­ra çen­li art­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ap­rel-iýun aý­la­ryn­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň çäk­le­rin­de alyp bar­ýan iş­le­rin­den gel­ýän gir­de­ji­si 43 gö­te­rim ar­typ, çär­ýek gör­ke­zi­ji­si 3,139 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Onuň Ýew­ro­pa, GDA we Af­ri­ka ýurt­la­ry bi­len bag­la­şan şert­na­ma­la­ryn­dan gel­ýän gir­de­ji­si 4 gö­te­rim ar­typ, 1,778 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Ýa­kyn Gün­do­gar­da we Azi­ýa­da gir­de­ji­si­niň çär­ýek gör­ke­zi­ji­si 3 gö­te­rim ar­typ, 2,367 mil­liard dol­la­ra ýet­di.
“Schlum­ber­ger” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Pa­al Kibs­ga­ar­dyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa üçin ikin­ji çär­ýek ju­da dart­gyn­ly hem-de iş­jeň ýag­da­ýa eýe bol­dy. Ol De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky we hal­ka­ra ba­zar­la­ryn­da­ky ön­jeý­li ösü­şi­niň se­bäp­le­ri­ni bag­la­şy­lan köp san­ly şert­na­ma­la­ry hem-de ten­der­ler­dä­ki ýe­ňiş­le­ri bi­len dü­şün­dir­ýär.
“Schlum­ber­ger” kom­pa­ni­ýa­sy geo­fi­zik bar­lag­la­ry ge­çir­mek, bu­raw­la­mak, bu­raw en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek, skwa­ži­na­la­ryň gur­lu­şy­gy, ne­bit-gaz çy­kar­mak we ola­ry gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa 85-den gow­rak ýurt­da iş alyp ba­ryp, onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Pa­riž­de, Hýus­ton­da, Lon­don­da we Gaa­ga­da ýer­leş­ýär. 2016-njy ýy­lyň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, kom­pa­ni­ýa­da 100 müň­den gow­rak adam zäh­met çek­ýär. Kom­pa­ni­ýa 1926-njy ýyl­da do­gan­lar Şlýum­ber­že­ler ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp, ne­bit-gaz pu­da­gyn­da­ky alyp bar­ýan iş­le­ri bi­len giň­den ta­nal­ýar.