Parižde guralan köne awtoulaglaryň sergisinde Fransiýanyň ýaşaýjylary dünýäniň täsin awtoulag taryhyna nazar aýlamaga mümkinçilik aldylar.
23-nji iýulda 700-den gowrak seýrek öndürilen awtoulag öz eýeleriniň garažlaryndan çykaryldy. Olaryň aglaba nusgalarynyň ýaşy ýarym asyrdan geçmese-de, olaryň arasynda 1930-njy ýyllaryň iň gowy kysymly awtoulaglary, motosiklleri we welosipedleri göze ilýär. Şunuň ýaly sergilere hemişe gatnaşýan kolleksiýaçy Aleksis Dýu Žo bu gezek özüniň 1969-njy ýylda öndürilen “Ford Mustang”-y bilen geldi.
– Meniň pikirimçe, bu ulaglar howany onçakly hapalamaýar. Sebäbi biz şunuň ýaly ulaglarda hemişe gezelenç etmeýäris. Bary-ýogy az wagtlyk. Oňa derek biz Parižiň 40-50 ýyl mundan ozalky geçmişini bütin durkumyz bilen duýmaga mümkinçilik döredýäris. Bu örän üýtgeşik ýagdaýdyr – diýip, kolleksiýaçy gürrüň berýär.