Filippinler Respublikasynyň Kidapawan şäherinde ýurduň syýahatçylyk boýunça ýerli departamentiniň guramagynda özboluşly çäre geçirildi. Onda ýaşlaryň 15230-sy jübüt-jübütden 5 kilometre uzaýan 5 hatara düzüldiler hem-de birwagtda dünýä belli samba tansyny ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdiler. Bu çärä döwlet edaralarynyň, dürli şereketleriň işgärleri hem-de dürli okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr talyplary gatnaşyp, hemmäni haýran galdyrdylar.
Tansçylar tutuş dört aýyň dowamynda meýletinçi ussat halypalaryň ýolbaşçylygynda türgenleşik işlerini geçdiler. Bu çäre şäher bilen tanyşlygy güýçlendirmek we oňa has köp syýahatçylary çekmek maksady bilen guraldy.