Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň geohimiýa institutynyň Çžu Çžaoýunyň ýolbaşçylygyndaky ylmy topary golaýda Şensi welaýatynyň Şançen obasyndan paleolit döwrüne degişli harabaçylygyň üstünden bardylar. Ylmy toparyň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu ýerden ýaşy 1,26-dan 2,12 million ýyla barabar abat saklanyp galan zähmet gurallary ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar 2 million ýyl mundan ozal hem Hytaýda ynsanlaryň ýaşandygyna güwä geçýär. Institutyň işgärleri Şançen harabalygyndan daşpalta, buraw we teşe ýaly daş gurallaryny hem ýüze çykardylar. Mundan başga-da, bu ýerden daşa öwrülen sugun süňkleriniň parçalary we dürli haýwanlaryň şahlary ýüze çykaryldy.
Mundan ozal Afrikanyň çäklerinden daşarda ynsanlaryň peýda bolandygynyň gadymy subutnamasy Gruziýanyň Dmanisi şäherinden ýüze çykarylypdy. Ol ýerden ýaşy 1,85 million ýyla barabar bolan ynsan ystyhanynyň galyndylary we daş gurallar tapylypdy. Çžu Çžaoýunyň ylmy toparynyň açyşy Dmanisiden 270 müň ýyl ozal, takmynan, 2,12 million ýyl ozal Şançen harabalygynda gominidleriň peýda bolanlygyny görkezýär.