Awiakompaniýalaryň dünýä reýtinginde Singapuryň howa ýollary geçen ýylyň ýeňijisi “Qatar Airways”-den öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi. Üçünji ýere ýapon awiakompaniýasy “ANA All Nippon Airways” mynasyp boldy. “Emirates” awiakompaniýasynyň dördünji ýeri eýelän reýtinginde Taýwanyň “EVA Air”-i bäşinji orna mynasyp boldy. Mundan başga-da, “Cathay Pacific”, “Deutsche Lufthansa”, “Hainan Airlines”, “Garuda Indonesia” we “Thai Airways” ýaly onlarça meşhur awiakompaniýalar iň gowy onluga girmegi başardylar.
Dürli awiakompaniýalaryň we aeroportlaryň hyzmatlarynyň hiline baha berýän “Skytrax” kompaniýasy Singapuryň howa ýollaryna “Dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy” diýip baha berdi. Sebit bazarynyň liderleri hyzmatlarynyň hilini has ýokarlandyrmakda özara bäsdeşliklerini dowam etdirýärler. Hemişe bolşy ýaly, Ýewropada “Lufthansa”, Demirgazyk Amerikada “Air Canada”, Aziýada “Singapore Airlines” iň gowy awiakompaniýalar hökmünde öz liderliklerini saklaýarlar. Russiýanyň “Aerofloty” hem Gündogar Ýewropa awiagatnawlarynyň reýtinginiň başyny çekýär.
Şeýle hem “Skytrax” kompaniýasy soňky ýyllarda has öňe ilerlemäge tagalla edýän awiakompaniýalary hem aýdyňlaşdyrdy. Oňa Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasy degişli bolup, Malaýziýanyň “AirAsia”-sy dünýäniň az býujetli awiakompaniýalarynyň arasynda iň gowusy diýlip, mälim edildi.
“Skytrax” kompaniýasy bu pikir soraşmany 2017-nji ýylyň awgustyndan 2018-nji ýylyň maý aýyna çenli dowam etdirdi. Oňa 100-den gowrak döwletden 20,4 million ýolagçy gatnaşdy. Olara dünýäniň 355 awiakompaniýasy baradaky pikirlerini aýtmak teklip edildi. Şonuň netijesinde, iň soňky reýtingde dünýäniň iň gowy 100 awiakompaniýasy mälim edildi.
Şeýle hem, gatnawlaryň gijä galanlygy üçin ýolagçylara öweztölegini bermäge ýöriteleşdirilen “AirHelp” şereketi iýun aýynda dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň reýtingini düzdi. Oňa laýyklykda, Kataryň paýtagty Dohadaky Hamad aeroporty dünýäniň iň gowy howa menzili diýlip yglan edildi. Afinanyň (Gresiýa) Elefteriosa Wenizelosa adyndaky halkara aeroporty ikinji ýere, Tokionyň (Ýaponiýa) Hanada aeroporty bolsa, üçünji orna mynasyp boldy.