26-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker Waşingtonda duşuşyk geçirip, Ýewropa Bileleşigi we ABŞ-nyň arasyndaky gümrük paçlary boýunça meseleleriň çözgüt ýollary hakynda belli bir ylalaşyga geldiler. Duşuşygyň çäklerinde Waşingtonyň we Brýusseliň “söwda bäsleşigi” boýunça garaşylmadyk ylalaşyk gazanyldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Ýewrokomissiýanyň başlygy Žan-Klod Ýunker senagat harytlaryna girizilen ähli päsgelçilikleri, şol sanda polat we alýumine amerikan gümrük paçlaryny we Ýewropa tarapynyň muňa garşy çärelerini aradan aýyrmak barada ylalaşdylar.
– Biz energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzy berkitmeli diýen netijä geldik. Ýewropa Bileleşigi ABŞ-dan suwuklandyrylan gaz almak üçin has köp terminal gurar. Oba hojalygy barada aýdylanda bolsa, Ýewropa Bileleşigi has köp amerikan soýasyny satyn alar, bizem öz gezegimizde eksportumyzy artdyrarys – diýip, Žan-Klod Ýunker aýtdy.
Waşingtonda geçirilen bu duşuşykda Tramp we Ýunker täze gümrük haklaryny wagtlaýyn togtatmak we söwda boýunça gepleşiklerini dowam etdirmek hakynda belli bir ylalaşyga geldiler. ABŞ-nyň Prezidenti we Ýewrokomissiýanyň başlygy diňe awtoulaglardan beýleki senagat harytlarynyň gümrük haklaryny azaltmak we soýa noýbasynyň importuny artdyrmak barada ylalaşdylar.
“Bu gazanylan ylalaşyk fermerler we işçiler üçin täze bazar döredip, maýa goýumlarynyň artmagyna, ABŞ-da we Ýewropa Bileleşiginde uly ösüşleriň bolmagyna ýardam berer. Bu söwdany has-da adalatly edýär” diýlip, duşuşykdan soňra ABŞ-nyň we Ýewrobileleşigiň mälim eden beýanatynda aýdylýar.
Taraplar gepleşikleriň netijeleri boýunça söwda meseleleriniň çözgüdi boýunça iş toparyny döretmek hakynda ylalaşyk gazanyp, söwdadaky päsgelçilikleri doly aradan aýryp, özara gümrük paçlaryna ýaňadandan seretmek hakynda karara geldiler. ABŞ-dan Ýewropa has köp mukdardaky suwuklandyrylan gazyň satylmagy bolsa, gazanylan ylalaşyklaryň iň esasy bölegidir.