23-nji iýul­da Daş­kent­de “Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry we ABŞ” (С5+1) at­ly howp­suz­lyk bo­ýun­ça iş to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Öz­be­gis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we ABŞ-nyň we­kil­le­ri se­bit howp­suz­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Fran­si­ýa­ly dar­baz ze­nan Tat­ýa­na-Ma­sio Bon­gong hiç hi­li go­rag­syz 35 metr be­lent­lik­den çe­ki­len ta­na­pyň üs­tün­den ýö­räp geç­di. 34 ýaş­ly ze­nan onuň üs­tün­den ýö­räp bar­ýan wag­ty ýe­ri­ne ýe­ti­ren geň-taň he­re­ket­le­ri bi­len hem­me­le­ri haýran gal­dyr­dy. Pa­ri­žiň ka­me­ra or­kest­ri­niň sa­zan­dar­ly­gyn­da gör­ke­zi­len bu dar­baz oý­ny “Pa­riž tom­sy” şü­we­le­ňi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­di.

Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX” özü­niň has kä­mil­leş­di­ri­len “Falcon 9” ra­ke­ta­sy­nyň ikin­ji­si­niň uçu­ry­ly­şy­ny ama­la aşyr­dy. Ol Ka­na­da­nyň ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­ny kos­mo­sa üs­tün­lik­li çy­kar­dy. “Block 5” diý­lip at­lan­dy­ry­lan “Falcon 9” ra­ke­ta­sy­nyň tä­ze­le­nen gör­nü­şi 22-nji iýul­da ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň Ka­na­we­ral bur­nun­dan as­ma­na gö­te­ri­lip, “Tels­tar 19V” hem­ra­sy­ny or­bi­ta çy­kar­dy.

Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we zäh­met mi­nistr­li­gi go­laý­da ha­sa­bat ne­şi­ri­ni çap edip, on­da ge­çen ýyl­da ýa­pon­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy re­kord de­re­je­le­re ýe­tip, öz ösü­şi­ni do­wam et­di­ren­di­gi mä­lim edil­ýär. Ge­çen ýyl Gü­nüň dog­ýan ýur­dun­da ze­nan­la­ryň or­ta­ça öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy 87,26 ýy­la, er­kek­le­riň­ki bol­sa, 81,09 ýy­la ba­ra­bar bo­lup, öň­ki ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de de­giş­li­lik­de, 0,13 we 0,11 gö­te­rim ösüp­dir.

“Go­og­le”-a eýe­çi­lik ed­ýän ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Alp­ha­bet”-iň 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­dä­ki aras­sa gir­de­ji­si 73 gö­te­rim art­dy. Bu “Go­og­le”-yň we “You­Tu­be”-yň ma­ha­bat­la­ryn­dan gel­ýän gir­de­ji­le­riň art­ma­gy, şeý­le hem sal­gyt­la­ryň pe­sel­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de, müm­kin bol­dy. Şu ýy­lyň ýan­war-mart aý­la­ryn­da hol­ding kom­pa­ni­ýa­sy “Go­og­le”-yň aras­sa gir­de­ji­si 5,4 mil­liard­dan 9,4 mil­li­ar­da çen­li ýo­kar­lan­dy. “Alp­ha­bet”-iň bi­rin­ji çär­ýek­dä­ki gir­de­ji­si 31,15 mil­liard dol­lar­dan yba­rat bol­dy.

Is­pa­ni­ýa­da kon­ser­wa­tiw Halk par­ti­ýa­sy­nyň baş­lyk­ly­gy­na 37 ýaş­ly Pab­lo Ka­sa­do saý­lan­dy. 21-nji iýul­da Mad­rid­de Ka­sa­do­nyň da­laş­gär­li­gi­ni par­ti­ýa gu­rul­ta­ýy­nyň 1701 gat­na­şy­jy­sy ma­kul­la­dy, onuň bäs­de­şi ozal­ky hö­kü­met baş­tu­ta­ny­nyň orun­ba­sa­ry So­raý­ýo Sa­en­se 1250 adam ses ber­di. Yk­dy­sa­dy we hu­kuk bi­li­mi­ne eýe bo­lan Ka­sa­do bu we­zi­pe­den gi­den Ma­ria­no Ra­ho­ýyň ýe­ri­ne geç­di.

ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň ýa­şaý­jy­sy “Me­ga Mil­lions” lo­te­re­ýa petegi ar­ka­ly 522 mil­li­on dol­lar ut­dy. Bu lo­te­re­ýa­la­ryň ta­ry­hyn­da iň uly utuş ha­sap­lan­ýar.

25-nji iýul­da 66 ýaş­ly bel­li ital­ýan biz­nes­me­ni Serd­žo Mar­kon­ne, sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li ital­ýan-ame­ri­kan aw­to­kon­ser­ni “FI­AT-Chrys­ler”-iň baş di­rek­tor­ly­gyn­dan çe­ki­lip, Sýu­ri­hiň has­sa­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de ara­dan çyk­dy. Hä­zir kon­ser­niň baş di­rek­tor­ly­gy­na “Je­ep” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Maýk Men­li­niň bel­le­nen­li­gi ha­bar be­ril­ýär.