ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 30-njy iýulda Ak tamda Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konteni kabul etdi. Ählumumy meseleler barada hyzmatdaşlyk, iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösüşine ýardam bermek we beýleki meseleler ABŞ-nyň Prezidenti bilen Italiýanyň Premýer-ministriň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.
– Premýer-ministr Juzeppe Konte bilen birlikde, birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berjek täze strategik gatnaşyklary ýola goýýandygymyz üçin juda hoşaldyrys – diýip, bilelikdäki metbugat ýygnagynda söz sözlän Donald Tramp Rim bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň, ozaly bilen, howpsuzlyk meselelerini öz içine alýandygyny öňe sürdi.
– Italiýa şu günki günde Ýewropada has uly ähmiýete eýe bolýar we Birleşen Ştatlar bilen dürli meseleleriň çözgüt ýollaryny tapmakda aýratyn hukukly hyzmatdaş bolup durýar. Şoňa görä, tagallalarymyzy birikdirip, bu ylalaşygy mümkin boldugyça tizräk iş ýüzüne geçirmeli – diýip, Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte öz gezeginde, belläp geçdi.