Şu ýylyň 6-njy no­ýabrynda geçiriljek ABŞ-nyň Kong­re­s saý­law­lary ýur­duň ta­ry­hyn­da iň gym­mat syýasy çäreleriň biri bo­lar. Da­laş­gär­le­riň ma­ha­bat­lan­dy­ryş iş­le­ri­ne eý­ýäm mil­liard­ dollardan gow­rak serişde sarp edil­di. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň “The Hill” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Şu gün­ki gün­de ame­ri­kan se­na­ty­nyň da­laş­gär­le­ri­niň saý­law­la­ry üçin taý­ýar­la­ny­lan wi­deo­ma­te­ri­al­la­ra 170 mil­li­on dol­lar harçlanyldy. Şo­nuň ýa­ly hem Res­pub­li­kan we De­mok­ra­tik par­ti­ýa­la­ry 230 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­dä­ki se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na efir wag­ty­ny äti­ýaç üçin sak­lap, ştat­lar­da da­laş­gär­le­riň iş­le­ri­ni öňe iler­let­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.
Hem­me­si­ni jem­läp aý­da­nyň­da, Res­pub­li­kan we De­mok­ra­tik par­ti­ýa­la­ryň saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne de­giş­li­lik­de, 1,6 mil­liard dol­lar sarp edil­di. Bu se­riş­de­le­re saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky ştab­lar açy­lyp, pi­kir so­raş­ma­lar ge­çi­ril­di. Gel­jek­ki saý­law­la­ra edil­jek çyk­da­jy­la­ryň muk­da­ry bo­ýun­ça Res­pub­li­ka­çy­lar öz bäs­deş­le­rin­den bir­nä­çe mil­li­on dol­lar öňe saý­lan­ýar. ABŞ-nyň Kong­re­si­ne saý­law­lar­da onuň aşa­ky pa­la­ta­sy – we­kil­ler Pa­la­ta­sy do­lu­ly­gy­na ýa­ňa­dan­dan saý­la­nar, şeý­le hem Se­na­tyň – Kong­re­siň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­nyň 100 ag­za­syn­dan 35-si saý­la­nar.