Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la” Ger­ma­ni­ýa­nyň we Ni­der­land­la­ryň hä­ki­mi­ýet­le­ri bi­len özü­niň Ýew­ro­pa­da­ky za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy ba­ra­da gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýär. Bu ba­ra­da “Wall Street Jo­ur­nal” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. He­niz “Tes­la” özü­niň gel­jek­ki za­wo­dy­nyň haý­sy ýurt­da ýer­leş­jek­di­gi­ni – Ger­ma­ni­ýa­da­my ýa-da Ni­der­land­lar­da aý­dyň­laş­dy­ra­nok. Häzirki wagtda Ni­der­land­lar­da kom­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa bö­lü­mi­niň şa­ham­ça­sy iş­läp, ol ýer­de ýer­li ba­za­ryň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, elekt­rou­lag­lar gaý­ta­dan ab­zal­laş­dy­ryl­ýar.
Mun­dan ozal, “Tes­la” Hy­taýyň Şan­ha­ý şäheriniň hä­ki­mi­ýe­ti bi­len ýyl­da 500 müň aw­tou­lag ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen za­wo­dy gur­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­kip­di. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la Mo­tors” 2003-nji ýyl­da elekt­rou­lag we onuň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­nyň ön­dü­ri­ji­si hök­mün­de esas­lan­dy­ry­lyp­dy. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Pa­lo-Al­to şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. “Tes­la”elekt­rou­lag­lar­dan baş­ga ba­ta­re­ýa­la­ry we elek­to­he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri ön­dü­rip, ola­ry beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­la­ra, şol san­da “Toyo­ta” we “Da­im­ler” ýa­ly aw­to­kom­pa­ni­ýa­la­ra sat­ýar.