Şu ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde “Merkezi Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ulgamynda strategik mümkinçilikler” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Maslahatda halkara ulag geçelgeleriniň netijeli we özara peýdaly ulanylmagynyň, şeýle hem Merkezi Aziýada ýeke-täk köp ugurly ulag giňişligini döretmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Çäräniň maksady häzirki ugurlary işjeňleşdirmek we täze ulag geçelgelerini döretmek hakynda halkara maliýe institutlary hem-de ýerine ýetiriji kompaniýalary bilen gepleşikleriň dowamy bolar.